Gürji oppozisiýa kanaly eýesi tarapyndan satylýar

Kibar Khalwaşi

Gürjüstanyň esasy oppozisiýa Rustawi 2 kanalynyň täze ýolbaşçysy media kompaniýasyny satmak baradaky meýillerini mälim etdi.

Kibar Khalwaşiniň bu baradaky degişli karary 12-nji awgustda Rustawi kanalynyň websaýtynda çap edildi.

Khalwaşi ýene başga bir beýanat bilen çykyş edip, onda kanalyň ykdysady ýagdaýynyň “gözgynydygyny” aýtdy, şeýle-de özüniň “kompaniýany ýiti krizisden çykaryp bilmejekdigini” belledi.

Khalwaşi Rustawi 2-niň ozalky direktory Nika Gwaramiýany kanaly ykdysady çökgünlik ýagdaýyna eltmekde aýyplady.

Mundan bir aý çemesi öň, Ýewropanyň Adam Hukuklary boýunça Sudy Gürjüstanyň Ýokary Sudunyň Rustawi 2 kanalynyň eýeçiligini onuň ozalky eýesi Khalwaşiýe geçirmek baradaky 2017-nji ýylyň martynda çykaran hökümini öz güýjünde galdyrypdy.

Bu hökümiň yzy bilen häzirki gürji hökümeti bilen ýakyn gatnaşyklarynyň bardygy aýdylýan Khalwaşi kanalyň ýolbaşçylygyna geçdi we dessine Gwaramiýany wezipesinden boşatdy.