Atambaýewiň deslapky tussaglygynyň möhleti 26-njy oktýabra çenli uzaldyldy

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýewiň deslapky tussaglygynyň möhleti 26-njy oktýabra çenli uzaldyldy.

20-nji awgustda Bişkegiň Birinji Maý etrap sudy derňewçileriň Atambaýewiň deslapky tussaglygynyň möhletini uzaltmak baradaky arzasyny kabul etdi. Mundan öň, öňki gyrgyz prezidentiniň 26-njy awgusta çenli deslapky tussaglykda saklanmalydygy barada karar çykarylypdy.

Atambaýewiň aklawçysy Zamir Jooşew suduň çykaran bu kararyny şikaýat etjekdigini aýtdy.

Polisiýa bilen iki güne çeken gapma-garşylykdan soň, Atambaýew 8-nji awgustda häkimiýetlere tabyn bolupdy.

Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, gapma-garşylykda ýörite güýçleriň hataryndan bir gullukçy ölüpdir, başga-da 170 adam, şol sanda 79 ofiser ýaralanypdyr.

Atambaýewe beýleki aýyplamalar bilen birlikde resmi wekillere garşy gazaplylyk ulanmak, köpçülikleýin bidüzgünçilikleri gurnamak, adam öldürmek synanyşygyna ýolbaşçylyk etmek we korrupsiýa aýyplamalary bildirilýär.