Ozalky ABŞ wekilleri Owganystandan gyssanmaç çykmagyň “Tutuş raýat urşuna” getirjegini duýdurýar

Owganystan we Pakistan boýunça ýörite wekil Jeýms F. Dobbins Kabuldaky ABŞ ilçihanasynda çykyp gürleýär. Arhiw suraty, 22-nji iýul, 2014.

Ozalky amerikan ilçileriniň dokuzysy eger-de Birleşen Ştatlar Kabul hökümeti bilen “Talybanyň” arasynda “hakyky” parahatçylyk ylalaşygy baglaşylmanka öz güýçlerini çykarsa, Owganystanyň “doly raýat urşuna” gaplanmagynyň ahmaldygyny duýdurdy.

“Goşunlaryň tutuşlygyna çykarylmagy gutarnykly parahatçylyga esaslanmaly” we “ öňünden däl-de, hakyky parahatçylyk ylalaşygynyň yzyndan gelmeli” diýip, ozalky diplomatlar 3-nji sentýabrda Atlantik geňeşiň analitiki merkezi tarapyndan çap edilen bilelikdäki beýanatlarynda aýtdylar.

“ABŞ-nyň ilki başdaky goşun çykaryşy bölekleýin bolup, gutarnykly parahatçylyga esaslanmaly” we “hakyky parahatçylyk ylalaşygynyň öňünden bolman, yzyndan gelmeli” diýip, ozalky diplomatlar 3-nji sentýabrda Atlantik geňeş ylmy-barlag institutynda çap edilen beýanatlarynda aýtdylar.

"ABŞ-nyň başky goşun çykaryşy, “Talyban” özüniň haryby ýeňiş gazananyna ynanmaz ýaly, beýle aňry-da gitmeli däl-, çalt hem bolmaly däl” diýip, olar aýtdylar.

Bu duýduryş amerikan diplomaty Zalmaý Halilzadyň AÝ/AR-a taraplar “prinsipde” Owganystandaky 18 ýyllyk urşy soňlamaga razylaşdylar diýen gününiň yz ýanynda edildi.