Tramp BMG-de etjek çykyşynda Eýran bilen bolan çekişmäniň esasy tema boljakdygyny aýtdy

2018-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş edýär.

Özüniň Tährana garşy gönükdirilen “maksimum basyş” strategiýasyna goldaw gözleýän Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp 24-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynda etjek çykyşynda, Eýran bilen bolan çekişmäniň esasy tema boljakdygyny aýtdy.

Tramp 23-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň ýyllyk ýygnagynda dünýä liderleriniň öňünde etjek çykyşy hakda žurnalistlere maglumat berip: “Biz Eýran barada gürleşeris” diýdi.

“Häzirki wagtda olara [eýranlylara] köp basyş edýäris, bu olara ozal edileninden has köp basyşdyr” diýip, Tramp žurnalistlere aýtdy.

Ol soňra hem: “Eýran bilen baglylykda köp zatlar bolýar, siziň bilýäniňizden köp, medianyň bilýäninden has köp” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Takyk wagty entek belli bolmasa-da, planlaşdyrylyşyna görä, Amerikan prezidenti irki mejlisde çykyş eder.

Tramp 2017-nji ýylyň ýanwarynda wezipe başyna geleli bäri Tähran barada berk syýasat alyp barýar.

Ol 2018-nji ýylyň maý aýynda 2015-nji ýylda Eýran bilen dünýäniň güýçli alty döwleti arasynda baglaşylan ýadro geleşiginden çykdy.

Ylalaşyga gol çekişen Fransiýa, Germaniýa we Britaniýa geleşigi diri saklamaga synanyşsalar-da, Pars Aýlagynda gämilere we Saud Arabystanynyň nebit desgalaryna edilýän hüjümler bilen baglylykda Tährana “prowokasiýadan” saklanmak boýunça duýduryş berdiler.

Günbatarda köp adamlar hüjümlere Eýrany jogapkär edýärler. Tähran bolsa hüjümler bilen hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny aýdýar.

Tramp bilen Eýran prezidenti Hassan Rohaniniň duşuşmagynyň mümkindigi hakda çaklamalar ýok däl, ýöne 23-nji sentýabrda Tramp planlaşdyrylan zat ýok diýdi.

Öz aýtmagyna görä, Tramp şeýle-de Birleşen Milletler Guramasyna “Birleşen Ştatlar dünýäde iň uly döwlet, ol ozal hiç haçan beýle güýçli bolmandy, hiç haçan mundan gowy bolmandy” diýer.

Tramp sentýabrda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen-de duşuşar.

Zelenskiý duşuşykdan bir gün öň özüniň Waşingtonyň Kiýew baradaky goldawyny güýçlendirmek üçin, Tramp bilen “manyly, güýçli” duşuşyga garaşýandygyny aýdy. Ukraina häzir ýurduň gündogar böleginde Orsýet tarapdan goldalylýan separatistler bilen barýan konflikt sebäpli Orsýetiň, Fransiýanyň we Germaniýanyň liderleri bilen duşuşmaga taýýarlanýar.

“Biz urşy soňlap, territoriýalarymyzy yzyna almagyň aýratyn şertleri barada bu duşuşykdan käbir netijeler bilen çykmak isleýäris” diýip, Zelenskiý aýtdy.

Tramp 25-nji iýulda Zelenskiý bilen eden telefon gepleşiginde, öňki wise-prezident Jo Baýden we onuň ogly baradaky meseläni hem gozgandygyny boýun alanyndan soňra duşuşyk täzeden ähmiýet gazandy.

Öz aýtmagyna görä, Tramp Zelenskä “biz wise-prezident Baýden we onuň ogly ýaly adamlarymyzyň” Ukrainada ozaldan bolup gelýän korrupsiýa goşant goşmagyny islämzok diýipdir.

Respublikan Tramp geljek ýylky saýlawda öz garşysyna dalaşa girmäge synanyşýan demokrat Baýden barada derňew geçirmek hakda basyş edendigini inkär edýär.

Trampyň telefon gepleşigini boýun almagy demokratlaryň kongresde impiçment prosesini ýola goýmak baradaky çagyryşlaryna getirdi.

Amerikan prezidenti günüň dowamynda Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson, Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi, BMG-niň baş sekretary Antonio Guterres we Yragyň prezidenti Barham Salih bilen-de duşuşar.

24-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynda beýlekiler bilen bir hatarda Braziliýanyň prezidenti Jair Bolsonara, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we Müsüriň prezidenti Abdel Fattah al-Sisi-de çykyş eder.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.