Gazak žurnalisti töhmet atmakda günäli tapylyp, 34 aý türmä höküm edildi

Amangeldi Batyrbekow (arhiw suraty)

Gazagystanyň günortasyndaky Sarýagaş şäheriniň sudy žurnalist Amangeldi Batyrbekowy töhmet atmakda günäli tapyp, iki ýyl we 10 aý türme tussaglygyna höküm etdi.

23-nji sentýabrda sud Batyrbekowy ýerli bilim resmisi Bahtyýar Abdiýewiň mertebesini we abraýyny kemsitmekde günäli tapdy. Batyrbekow özüniň Facebook hasabynda “Kelesdäki samsyklyk” ady bilen maglumat ýerleşdiripdi.

Batyrbekowyň aýaly Gulzada Baýmuradowa Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde suduň kararyna şikaýat etjekdiklerini aýtdy.

Almatyda ýerleşýän adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Adyl Söz” topary Batyrbekowy wyždan ýesiri atlandyrdy.

Toparyň maglumatyna görä, 2019-njy ýylyň birinji dört aýynyň dowamynda azyndan dokuz žurnaliste töhmet atmakda aýyplama bildirilip, olaryň garşysyna jenaýat işi gozgalypdyr.