Türkiýedäki partlamada bäş adam ýaralandy

Türkiýäniň kartasy

Türkiýäniň günortasyndaky Adana şäherinde köçe-ýaka bombanyň partlamagy netijesinde polisiýanyň awtobusynyň içindäki bäş adam ýaralandy. Bu barada döwlet mediasy habar berýär.

Ýerli häkim Mahmut Demirtaşyň “Anadolu” habar agentligine beren maglumatyna görä, 25-nji sentýabrdaky hadysa “öý şertlerinde ýasalan partladyjy ýa-da başga görnüşli bomba” sebäpli ýüze çykypdyr.

Demirtaş ýaralananlaryň biriniň polisiýa işgäri bolandygyny, emma olaryň hiç birine uly şikesiň ýetmändigini aýtdy.

Hüjümiň arkasynda anyk kimiň durandygy häzirlikçe aýdyň däl.