9-njy noýabrda Gazagystanyň iki şäherinde demonstrasiýaçylar toplanyň, minerallara baý merkezi aziýa ýurdunda demokratik reformalaryň geçirilmegini talap etdi.
“Oýan, Gazagystan” hereketiniň onlarça aktiwisti Almaty şäherinde toplanyp, beýleki şygarlar bilen bilelikde, “Men gürlemek üçin rugsat almaly däl” diýen şygary galdyrdy.
Ygtyýar berilmedik çärä polisiýa tarapyndan gözegçilik edildi, emma olar ara goşulmadylar.
Paýtagt Nur-Soltanda, merkezi parkda “Respublika” hereketiniň onlarça aktiwisti ygtyýar berlen ýygnanyşyga gelip, demokratik özgerişlere, şol sanda parlament dolandyryşyna geçilmegine çagyryş etdi.
Bu ýygnanyşyklar Gazagystanyň uzak wagtlyk prezidenti Nursoltan Nazarbaýew martda birden işden çekilip, öz ornuna parlamentiň ýokarky palatasynyň başlygy Kasym-Žomart Tokaýewi teklip edenden soň bolýan ýygnanyşyklaryň soňkusy bolup durýar.
Tokaýew 9-njy iýunda geçirilen saýlawlarda ýeňdi,emma halkara synçylary “parahat protestçileriň tussag edilmegi, saýlaw gününde ýol berlen düzgün bozmalar demokratik ölçeglere goýulýan hormatyň çäklidigini görkezdi” diýdi.
Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” Gazagystanyň häkimiýetleriniň hökümet syýasatlaryny tankytlaýan parahat protestçilere ýol bermeýändigini aýdýar.