Gazak resmileri aktiwistiň tussaglykdan ‘gaçandygyny’ aýdýar, hukuk goraýjylar alada bildirýär

Dulat Aghadiliň aýaly Gülnar Kasymhanowa. Nur-Soltan. 14-nji noýabr, 2019 ý.

Gazagystanda adam hukuklaryny goraýjylar tussaglykdaky ýerli raýat aktiwisti Dulat Aghadiliň, azatlyga çykmagyndan bir gün öň, “tussaghanadan gaçandygy” baradaky polisiýanyň beýanatyna alada bildirdiler.

Polisiýanyň beýanatyndan soňra, Aghadiliň aýaly Gülnar Kasymhanowa we başga-da onlarça tarapdary paýtagt Nur-Soltanda Baş prokuraturanyň we Içeri işler ministrliginiň edaralarynyň daşynda ýygnanyp, Ahgadiliň ykbaly barada “jikme-jik we doly düşündiriş” soradylar.

Içeri işler ministrligiň wekili protestçilere Aghadiliň 13-nji noýabrda tussaghanadan, gulplanmadyk gapydan çykyp, gaçandygyny aýtdy.

Emma, Aghadiliň aýaly, goldawçylary we hukuk goraýjylar onuň tussaglykda ýenjilen ýa hat-da öldürilen bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Gazagystanda polisiýanyň we türme sakçylarynyň zalymlygy uzak wagtdan bäri mesele bolup gelýär.

Aghadiliň aklawçysy Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde öz müşderisiniň häzir nirededigini bilmeýändigini aýtdy.

42 ýaşly Aghadil 4-nji noýabrda polisiýa ofiserine boýun bolmakdan ýüz öwürendigi üçin, 10 günlük türme tussaglygyna höküm edilipdi.