Rim papasy Roždestwo çykyşynda migrantlaryň we bosgunlaryň ýagdaýyna ünsi çekdi

Rim papasy Fransis. 25-nji dekabr, 2019 v.

Rim papasy Fransis hristianlaryň Roždestwo baýramy mynasybetli eden çykyşynda migrantlaryň we bosgunlaryň ýagdaýyna ünsi çekdi.

“Adalatsyzlyk olary çölleri we deňizleri kesip geçmäge mejbur edýär. Soňra bu ýerler olaryň gonamçylygyna öwrülýär. Adalatsyzlyk olary söz bilen aýdyp bolmajak derejedäki ýowuzlyga, gulçulygyň islendik görnüşine we gözegçilik astynda saklanýan rehimsiz lagerlerdäki zulma çydamaga mejbur edýär” diýip, Fransis aýtdy.

Dünýädäki 1,3 milliard katolik hristianyň lideri “Urbi et Orbi”, ýagny “Şähere we dünýä” diýlip atlandyrylýan däbe öwrülen çykyşyny Sankt-Peter meýdançasynda etdi. Onuň çykyşyny diňlemäge on müňlerçe adam gatnaşdy.

83 ýaşly Fransis öz çykyşynda Siriýada, Yrakda, Ukrainada we konflikte bürelen beýleki ýurtlarda parahatçylyga çagyryş etdi.

Şeýle-de, Rim papasy Günbatar Afrikada “ekstremist toparlar” tarapyndan hristianlara edilen hüjümleri ýazgardy.