Jeňçileriň Kenýa eden hüjüminde ABŞ-nyň esgeri öldi

Kenýa (arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Kenýada “Al-Şabaab” terroristik gurama hem ýerli, hem-de ABŞ güýçleri tarapyndan ulanylýan harby baza hüjüm etdi.

ABŞ-nyň harbylarynyň maglumatyna görä, 5-nji ýanwarda Manda Baý howa bazasyna edilen hüjümde Birleşen Ştatlaryň bir harby we iki şertnamalaýyn gullukçysy heläk bolupdyr.

Goranmak departamentiniň iki gullukçysy hem ýaralandy diýip, ABŞ harbylarynyň Afrika Kommandowaniýesiniň, AFRICOM-yň, beýanatynda aýdylýar.

Kenýanyň harbylary bäş jeňçiniň öldürilendigini habar berdi.

Mundan on ýyl ozal döredilen we “Al-Kaýda” terroristik tory bilen ilteşikli “Al-Şabaab” jeňçileri sebitde dowamly hüjümleri amala aşyrýarlar. Toparyň düýbi Somalide ýerleşýär.