Kanadanyň premýer-ministri “adalaty” söz berýär, eýranlylar uçaryň urulmagyna protest geçirýär

Torontada adamlar heläk bolanlaryň hatyrasyny tutýarlar.

Kanadanyň premýer-ministri Justin Trideau geçen hepde Eýran tarapyndan urlup ýykylan ukrain uçarynda heläk bolanlar üçin “adalaty” söz berdi.

“Biz jogaplar berilýänça arkaýyn oturmarys” diýip, Trideau uçarda heläk bolan Kanadanyň 57 raýatynyň hatyrasyna 13-nji ýanwarda geçirilen mirasymda aýtdy.

Bu aralykda, Eýranda resmileriň uçaryň urlup düşürilmegi bilen baglylykdaky hereketlerine nägilelik bildirip, tertip ikinji gün hökümete garşy protestler geçdi.

Eýranyň harbylary 8-nji ýanwarda Boeing 737-800 uçaryny ýalňyşlyk bilen urup ýykandygyny boýun aldy. Uçaryň bortundaky 176 adam heläk bolupdy.

Bu howa betbagtçylygy Eýranyň 8-nji ýanwarda ABŞ goşunlarynyň Yrakda ýerleşýän bazalaryny raketa zarbasyna tutmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Eýran uçary urandygyny 11-nji ýanwarda boýun alandan soňra, Tähranda we ýurduň beýleki şäherlerinde protestler döredi. Demonstrantlar eýran häkimiýetine garşy şygarlary gygyrdylar we, aýdylmagyna görä, polisiýa bilen çaknyşdylar.

Internetde ýerleşdirilen wideolardan görnüşine görä, polisiýa 12-nji ýanwar güni giçlik Tähranyň Azadi Meýdançasyndaky protestçileri dargatmak üçin, demonstrantlara garşy söweş oklaryny we göz ýaşardyjy gazy atdylar.