Eýran resmisi Tähranyň Halkara ýadro gözegçiligi edarasy bilen işleşmäge ‘gaýtadan seretjekdigini' duýdurýar

Ali Larijani

Eýran parlamentiniň täsirli spikeri 19-njy ýanwarda, eger-de ýewropa döwletleri ABŞ 2018-nji ýylda ylalaşykdan çykaly bäri dört ýyllyk ýadro ylalaşygy dawasyna deňagramlylyk beren mehanizme “haýsam bolsa bir sebäpden” “adalatsyz” çemeleşseler, Tähran Halkara atom enegriýasy agentligi bilen “hyzmatdaşlygyna gaýtadan çynlakaý seredip biler” diýdi.

"Üç ýewropa ýurdunyň Eýranyň ýadro meselesi babatda eden işi... gynandyrýar” diýip, spiker Ali Larijani aýtdy. Ozal Tähranyň baş ýadro gepleşikçisi bolan Larijaniniň sözleri döwlet TW-sinde sitirlendi.

Germaniýa, Britaniýa we Fransiýa geçen hepde özleriniň Eýrana ýadro programmasyny jylawlamagynyň ýerine sanksiýalardan boşamak mümkinçiligin beren ylalaşyk babatyndaky dawalary çözmek mehanizmini işe girizendiklerini yglan etdiler.

AFP-niň maglumatyna görä, "Biz açyk yglan edýäris, eger-de ýewropa, islendik sebäp esasynda, ýadro ylalaşygynyň 37-nji maddasyny adalatsyz ulansa, onda Eýran bu agentlik bilen hyzmatdaşlygy barada çynlakaý karar eder” diýip, Larijany aýtdy.

Ozal bu ýadro ylalaşygyna Hytaý, Orsýet, ÝB we ABŞ bilen bilelikde gol çeken ýewropa döwletleri, bu mehanizm BMG-niň Eýrana garşy sanksiýa girizmegine alyp baryp biljek hem bolsa, özleriniň Waşingtonyň Tähranyň gylygyny üýtgetmäge gönükdirilen bir ýyllyk “maksimum basyş” kampaniýasyna goşulmandyklaryny aýtdylar.

ABŞ bu ylalaşykdan çykaly bäri, Eýran özüniň şertnama esasynda boýun alan esasy çäklendirmelerinden el çekdi, agyr suw we uran baýlaşdyrmagyny rugsat berlen möçberinden köpeltdi, uran baýlaşdyrmak üçin ulanýan sentrifugalarynyň görnüşlerini köpeltdi, baýlaşdyrýan uranynyň arassalygyny güýçlendirdi.