ABŞ-nyň döwlet sekretary Mike Pompeo 1-nji fewralda Minske sapar etmegi planlaşdyrýar diýip, Belarusyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili mälim etdi.
Diplomatiki çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna 22-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, Pompeo regiona edýän saparynyň çäklerinde Ukraina, Gazagystana we Özbegistana hem barar.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti Pompeonyň geljekki saparlary barada maglumat bermekden saklandy.
Mundan öň, Pompeo Ýakyn Gündogardaky ýitileşýän dartgynlylyklaryň fonunda özüniň Kiýewe, Minske, Nur-Soltana we Daşkende etmeli saparlaryny ýatyrypdy.
Pompeo soňky ýyllaryň dowamynda Birleşen Ştatlaryň Belarusa sapar etjek iň ýokary derejeli resmisi bolar.