Koronawirus bilen keselleýän adamlaryň sanynyň artmagy global maliýe bazarlaryny hopukdyrýar

Italiýada gorag maskalaryny geýip köçä çykan syýahatçylar.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp koronawirusa garşy göreşmek üçin Kongresden $2,5 milliard sorar. Bu waka wirus bilen keselleýän adamlaryň sanynyň artmagynyň, 24-nji fewralda Birleşen Ştatlardan başlap, tä Italiýa we Germaniýa çenli, maliýe bazarlaryny hopukdyran mahalyna gabat geldi.

Ak tam Trampyň sorajak maliýe serişdesinden $1 milliardyň halky wirusdan goramaga we sanjym etmäge niýetlenen waksinany işläp taýýarlamak üçin ulanyljakdygyny aýtdy.

Hytaýda dörän COVID-19 wirusy dünýäde 80 müňden gowrak adama ýokuşdy.

Maliýe serişdesiniň galan bölegi taýýarlyk we gaýtawul bermek çärelerine, şeýle-de enjamlary satyn almaga sarp ediler diýip, Ak tamyň býujet edarasynyň metbugat wekili Rachel Semmel aýtdy.

24-nji fewralda Wall Street aksiýalary ýiti derejede pese gaçdy.

Şol güni nebitiň bahalary hem pese gaçdy. Germaniýanyň esasy söwda platformasy – FrankfurtDAX – 4,01 prosent aşaklama bilen tamamlandy. Milanyň biržasyndaky esasy indeks ortaça 5,4 prosent pese gaçdy.