Eýranda koronawirusdan 43 adam öldi

Eýran resmileri wirusyň asyl gerimini kiçeldip görkezmekde aýyplanýarlar.

Eýranda soňky 24 sagadyň dowamynda koronawirusdan dokuz adam öldi diýip, ýurduň Saglyk ministrligi 29-njy fewralda maglumat berdi.

Eýranda COVID-19 wirusyndan ölenleriň umumy sany 43-e, oňa ýoluganlaryň sany hem 593-e ýetdi.

Eýranyň saglyk resmileri raýatlary adamlaryň üýşmeleňlerinden daşda durmaga we syýahatlaryny çäklendirmäge çagyrdylar.

Eýranda Hytaýyň daşynda koronawirusdan ölenleriň iň köp sany hasaba alyndy.

BBC-niň Pars gullugynyň 27-nji fewralda Eýranyň keselhanalaryndaky çeşmelerine salgylanyp beren maglumatyna görä, ýurtda wirusdan azyndan 210 adam ölüpdir. Saglyk ministrligi bu maglumaty çürt-kesik ret etdi.

Eýran parlamentiniň dört deputatynyň hem koronawirus bilen keselländigi tassyklanyldy. Wirusa başga-da ençeme ýokary derejeli resmi, şol sanda ýurduň aýallar we maşgala gatnaşyklary boýunça wise-prezidenti hem ýokuşdy.

Wirusyň ýaýramak howpy sebäpli Tähranda juma namazlary ýatyryldy.

Eýran Ýakyn Gündogar sebitinde wirusyň esasy ojagyna öwrüldi.

Eýran resmileri wirusyň asyl gerimini kiçeldip görkezmekde aýyplanýarlar.