Dünýä Türkmenleriniň bu sany 8-nji mart – Halkara zenanlar gününe bagyşlanýar.
Her ýylyň 8-nji martynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen ýörite Halkara zenanlar güni bellenip geçilýär.
8-nji mart zenanlaryň sosial, ykdysady, medeni we syýasy ugurlarda gazananlaryny, geçen ýollaryny we aşan sepgitlerini dabaralamak üçin ýörite Halkara zenanlar güni hökmünde dünýäniň çar künjünde bellenip geçilýär.
Bu senäniň taryhy öz gözbaşyny 1900-nji ýyllaryň başlaryndan alyp gaýdýar. Ilkibaşda Birleşen Ştatlarda zenanlaryň deňhukuklylygy ugrunda göreş hökmünde başy başlanan ýörite Zenanlar gününi bellemeklik däbi, 1975-nji ýylyň 8-nji martynda BMG tarapyndan Halkara zenanlar güni yglan edildi. Bu sene Türkmenistanda-da bellenip geçilýär.
Halkara zenanlar gününe bagyşlanýan Dünýä Türkmenleriniň bu sanynda:
- Türkmenistanda aýal-gyzlaryň syýasy we jemgyýetçilik aktiwligi barada gürrüň etmek üçin žurnalist Gözel Hudaýberdiýewadan,
- türkmeniň ýaşaýyş medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň we edim-gylymynyň saklanyp galmagynda türkmen zenanlarynyň oýnaýan roly barada gürrüň etmek üçin žurnalist Sähra Gulam Nabiden
- türkmen maşgalalarynda zenanyň ornuny maslahat etmek üçin dünýä tükmenleriniň ýewropaly wekili Bahardan gepleşigimize gatnaşmagy haýyş etdik.
Gepleşigi aşakdaky çelgiden diňläp bilersiňiz!
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Halkara zenanlar gününde türkmen aýal-gyzlarynyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ugurlarda gazananlary dabaralanýar