Ak tam: G7 liderleri koronawirusy maslahat ederler

2019-njy ýylyň awgustynda G7 ýurtlarynyň liderleri maslahat geçirýärler.

G7 ýurtlarynyň liderleri 16-njy martda telekonferensiýa geçirip, koronawirusyň ýaýramagy bilen bagly "utgaşykly çäre” görmek barada maslahat ederler diýip, Ak tam aýdýar.

Wideo aragatnaşyk arkaly amala aşyryljak telekonferensiýanyň Waşington wagty bilen irden sagat 10:00-da (Aşgabat wagty bilen giçlik sagat 7:00-da) geçirilmegine garaşylýar diýlip, Ak tamyň maglumatynda aýdylýar.

G7 topary Birleşen Ştatlar, Kanada, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Britaniýa we Ýaponiýa ýaly senagat taýdan ösen ýedi demokratik ýurtdan ybaratdyr.

Häzirki wagt Birleşen Ştatlar G7 toparyna başlyklyk edýär.

Koronawirus ilkinji gezek geçen ýylyň dekabrynda Hytaýda peýda bolany bäri takmynan 170,000 adama ýokuşdy we ondan 6500-den gowrak adam öldi.