Prezident Donald Tramp şu ýylyň iýun aýynda ABŞ-nyň paýtagtynyň golaýyndaky Kemp Deýwidde geçirilmegi planlaşdyrylan G-7 duşuşygyny koronowirus krizisi sebäpli ýatyrdy. Oňa derek wideo şekilli maslahat geçiriler.
Ak tamyň sözçüsi Judd Deere 19-njy martda bu sammitiň, “her bir ýurduň ähli serişdesini COVID-19-yň saglyk we ykdysady synaglaryna garşy durmakda ulanmaga jemlemegini üpjün etmek üçin”, wirtual esaslarda gurnaljakdygyny aýtdy.
G-7 topary öňdebaryjy senagatlaşan ýurtlar bolan Britaniýadan, Kanadadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan we Birleşen Ştatlardan durýar. Bu ýurtlaryň ählisi global pandemiýany ýok etmek üçin tagalla edýär.
2020-nji ýylda bu topara Birleşen Ştatlar ýolbaşçylyk edýär.
Deere Trampyň 17-nji martda G-7 liderleri bilen wideo şekilli aragatnaşyk arkaly gürleşip, ýolbaşçylaryň bu wirusa we onuň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän täsirleri bilen bagly syýasaty syýasaty utgaşdyrmak üçin her aý wirtual maslahat geçirjekdiklerini aýtdy.