Jonsonyň ýagdaýy durnukly, Nýu-Ýorkda ölümler “köp agyry” döretdi

Nýu-Ýorkda ýogalanlaryň sany 4 müňden aşdy.

Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonsonyň (Boris Jonhson) 7-nji aprelde keselhananyň intensiw bejeriş bölüminde koronawirusa garşy göreşip ikinji agşamyny geçiren mahaly, Nýu-Ýorkda ölenleriň sany 4 müňden aşdy.

Koronawirusdan has köp ejir çekýän döwletlerde adamlaryň öýlerinden çykmazlygy we sosial aralyk boýunça alnyp barylýan çäreleriň ölüm howply wirusyň ýaýramagynyň öňüni almaga ýardam edýändigi habar berilýär.

Britan premýer-ministriniň ýagdaýy “kadaly”, ol “intensiw bejeriş bölüminde gözegçilik astynda saklanýar” diýip, Jonsonyň metbugat-wekili habar berdi.

Johnsonyň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşandan soňra, 6-njy aprelde ol intensiw bejeriş bölümine geçirildi.

Britaniýada koronawirusa 55 müň adam ýolugyp, ondan 6 müň 200 töweregi adam öldi.

Bu aralykda, Nýu-Ýorkda ýogalanlaryň sany 4 müňden aşdy. Bu 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda amala aşyrylan terroristik hüjüminde heläk bolanlaryň sanyndan 1 müň töweregi adam köpdür.

Gubernator Andrew Kuomo (Andrew Cuomo) bu görkezijileriň “nýu-ýorklylaryň köpüsi üçin uly agyry bolandygyny” aýtdy. Şol bir wagtda, ol keselhana ýüz tutýanlaryň we öýken wentilýatorlary zerur bolanlaryň sanynyň kemelýändigini aýtdy.

Jons Hopkins Uniwersitetiniň maglumatyna görä, ABŞ-da koronawirusdan 13 müňe golaý adam ölüp, wirusa 400 müň çemesi adam ýolugypdyr.