COVID-19: Migrant işçileriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary

Moskwanyň ýaşaýjylary koronawirus pandemiýasy sebäpli has berkeýän öýde galmak düzgünlerini berjaý etmäge mejbur bolýan mahaly, köçelerde migrant işçileriň yzygiderli görülmegi bilen, şu günler rus paýtagtyny hakykatda kimiň "dolandyrýandygy" barada ksenofob degişmeler peýda boldy.

Ýöne adatdakysy ýaly öz işini dowam etdirýän ýaly bolup görüýän möwsümleýin işçileriň suratlary olaryň ölüm howply pandemiýa garşy göreşmek üçin öýde galmak baradaky berk çärelerden haýsydyr bir görnüşde halas bolandyklary baradaky düşünjäni döretse-de, olarda saýlap almaga başga kän bir seçgi ýokdy.

Olaryň köpüsi bolsa, edil dünýädäki beýleki 200 million migrant işçi ýaly, yzyna gitmek islese-de öýlerine dolanyp bilmediler. Olar krizisden aman galmaga synanyşýan mahaly, ykdysady çökgünlik, saglyk we howpsuzlyk töwekgelçilikleri, aç-açan diskriminasiýa bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.​

Russiýadan gidip bilmeýärsiňiz, işlemegi dowam etdiriň

Russiýanyň mart aýynyň ortalarynda halkara ýolagçy uçar we demirýol gatnawlaryna girizen gadaganlygy, işçileriň öz ýurtlary tarapyndan-da kabul edilen şuňa meňzeş ädimler, Russiýada resminamaly ýa-da resminamasyz işleýän 7 million çemesi migrantyň ýüz müňlerçesiniň ýolundan saklanyp, "gabalyp galmagyna" getirdi.

Stranded In Russia's Airport Shutdown

Rus resmileriniň çykyşlary, işçileriň öz-özüni izolirlemäge derek işlemegi dowam etdirmeginiň olaryň özleri we ykdysadyýet üçin has ygtybarly boljakdygyna gönükdirildi.

"Biz dürli hasaplamalara görä, regionlarda 1 milliondan 2 milliona çenli migrantyň işleýändigine ynanýarys. Olar gidip bilmeýärler - sebäbi serhetler we hereket etmek mümkinçilikleri eýýäm ýapyk ... we olar umumy ýaşaýyş jaýynda däl-de, işde bolsa has gowy bolardy" diýip, premýer-ministriň orunbasary Marat Husnullin aprel aýynyň başynda aýtdy.

14-nji aprelde Leningrad welaýatynda 470-den gowrak migrant işçiniň umumy ýaşaýyş jaýynda 35 sany adama koronawirusyň ýokuşandygy anyklanandan soň, ýurduň parlamentinde işçileriň iş rugsadyny awtomatiki görnüşde uzaltmak barada teklip hödürlenipdi.

Russiýada işleýän migrant işçileriň aglaba bölegi Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolup, olaryň 2019-njy ýylda pul ibermek görnüşinde 8 milliard dollardan gowrak serişdäni öz ýurtlaryndaky dogan-garyndaşlaryna iberendigi habar berilýär. Emma COVID-19 krizisi sebäpli migrantlaryň pul geçirimleriniň öňküsinden iki esse azalandygy aýdylýar.

"Men her aý 400-500 dollar iberýärdim. Emma soňky iki aýyň dowamynda Özbegistana hiç zat iberip bilmedik" diýip, 23 ýaşly Kasim Rahimow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna beren maglumatynda aýtdy.

"Koronawirus sebäpli restoranymyz işlemegini bes etdi we 50 adam aýlyk alman galdy. Olaryň hemmesi Özbegistandan, Täjigistandan we Gyrgyzystandan. Indi hemmämiz başga iş gözleýäris. Bir zat taparys diýip umyt edýäris" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Sank-Peterburgyň migrasiýa esarasynyň öňunde nobata duran, ýüzi gorag maskaly migrant işçileri özleriniň resminamalarynyň möhletini uzaltmaga synyanyşýarlar.

Russiýada möwsümleýin işleri ýerine ýetirip, her ýyl 2,6 milliard dollary öýlerine iberýän we Täjigistanyň garyp ykdysadyýetiniň 30 göteriminden gowragyny emele getirýän takmynan 1 million täjik işçiniň arasyndaky ýagdaý şeýle bir erbet welin, häzirki wagt olaryň öýündäki maşgala agzalary migrant işçileri goldamak üçin Russiýa pul ibermegiň ýollaryny gözleýärler.

33 ýaşly Farruh Zardakow Russiýada galan migrant işçileriň biri. Ol AÝ/AR-nyň Täjik gullugyna telefon arkaly beren maglumatynda "iş ýok we pul ýok" diýdi.

"Olar öýden maňa jaň etdiler we maňa pul ibermegimi aýtdylar, ýöne iberip bilmedim. Olar bir halta un satyn aldylar, belki kimdir birinden karz alarlar, bu ýerde men işsiz we bir öýde 18 adam ýaşaýarys" diýip, ol sözüni jemledi.​

Ukrainler üçin öýlerinde ýer ýok

Ukrainaly migrant işçiler 2019-njy ýylda öz ýurdunyň kynçylykly ykdysadyýetine 12 milliard dollar - jemi içerki önümiň 10 göteriminden gowragy - möçberde goşant goşdular. Olaryň 3 milliondan gowragy Polşa, Çehiýa respublikasy we Italiýa ýaly Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda işleýärdi. Koronawirusyň ýaýrap başlamagy bilen, ukrainleriň on müňlerçesi COVID-19 sebäpli Ukrainada işsizligiň "keýgiň şahyna çykan" mahaly öýlerine dolandylar.

Polşa bilen Ukrainanyň arasyndaky serhet geçip, öýlerine gitmek üçin nobata duran ukrainler.

Diňe mart aýynyň dowamynda 155000-den gowrak ukrainaly, şol sanda syýahatçylar, migrant işçiler we beýlekiler öýlerine gaýdyp geldi. Olaryň köpüsi, berk serhet çäklendirmeleri girizilenden soň öz ýurduna gaýdyp gelmäge synanyşanlarynda, Polşa we Wengriýa serhedindäki barlag nokatlarynda uzyn nobatlary emele getirdi.

IOM ýaly guramalar daşary ýurtly migrant işçileriniň krizis döwründe ekspluatasiýa, şol sanda adam söwdasy ýaly has uly howp astyndadygyny duýdurýarlar. Öýlerine gaýdyp barmak isleýänler bolsa, öz ýanlary bilen koronawirus keselini getirmekde aýyplanmak töwekgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

IOM mart aýynyň başynda Hytaýyň Wuhan welaýatyndan göçürilen ukrainalylaryň karantini "jemgyýetiň saglygyna abanýan howpuň jemgyýetde [zorlugyň tutaşmagyny] nähili çaltlyk bilen artdyryp biljekdigini görkezdi" diýdi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Violence Flares In Ukraine As Evacuees Arrive From China

Gurama "köp ýurtda koronawirusyň gorkyny, stereotipleri we ksenofobiýany ýüze çykarandygyny" ýazdy.

Sosial we beýleki medialarda kiber gorkuzmalar bilen bagly mysallar az däl.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Promo-LEX” guramasynyň aktiwisti Irina Corobcenco, soňky döwürde ýigrenç mazmunly çykyşlaryň fenomeniniň Moldowada peýda bolandygyny aýtdy. Halkara zähmet guramasynyň maglumatyna görä, moldowanlar dünýädäki migrant işçileriň takmynan 430000 sanysyny emele getirýär.

"Pandemiýanyň nähili ösýändigine baglylykda ... ýigrenç mazmunly bu çykyşlaryň gerimi güýçlenip, zorluga öwrülip biler, sebäbi islendik jemgyýet günäkär tapmaly" diýip, Corobcenco AÝ/AR-nyň Moldowan gullugyna beren maglumatynda aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.