Türkmen hökümetiniň ýurduň administratiw çäk bölünişigine täzeden seretmegi meýilleşdirýändigi, käbir etraplaryň birikdirilip, olaryň käbirleriniň atlarynyň üýtgedilmegine garaşylýandygy aýdylýar. Bu maglumatlaryň fonunda ýurtdaky obalaryň, daýhan birleşikleriň, etraplaryň we welaýatlaryň häzirki atlary, garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndaky atlary, sowet ýyllaryndaky we ondan ozalky ýyllardaky atlary, olaryň biri-birinden nä derejede tapawutlydygy üns çekýär.
Synçylara görä, dürli döwürlerde Türkmenistanda ýer-ýurt atlary syýasy ideologiýanyň pidasy boldy.
Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda türkmen ýer-ýurt atlary we dürli döwürlerde olaryň sezewar bolan üýtgeşmeleri barada gürrüň edilýär.
Gepleşigimize türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşdy.
Programmamyzy aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmenistanda ýer-ýurt atlary we olara döwrüň täsiri