Öňki gyrgyz prezidenti Atambaýew 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi

Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň sudy jenaýat toparynyň lideri Aziz Batukaýewiň 2013-nji ýylda bikanun türmeden boşadylandygy üçin öňki gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýewi 11 ýyl iki aý türme tussaglygyna höküm etdi.

Prokurorlar Birinji Maý etrap kazyýetinden 23-nji iýunda azatlykdan mahrum edilen öňki lideriň 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegini soradylar.

Özüniň hiç bir kanuny bozmandygyny aýdýan 63 ýaşly Atambaýew geçen ýylyň awgust aýynyň başynda – howpsuzlyk güýçleri bilen onuň tarapdarlarynyň arasynda iki gün dowam eden çaknyşygyň yzýany – özüni polisiýa tabşyrandan soň tussag edildi.

2013-nji ýylda duýdansyz türmeden boşadylan we dessine Merkezi Aziýa döwletinden Russiýa giden Batukaýew birnäçe aýylganç jenaýatda, şol sanda gyrgyz kanunçykaryjysynyň we Içeri işler ministrliginiň işgäriniň öldürilmeginde günäli tapylypdy.