ABŞ Hytaýyň Hýustondaky konsulhanasyny ýapmalydygyny aýtdy

ABŞ we Hytaý baýdaklary. Illýustrasiýa suraty

ABŞ Hytaýyň Hýustondaky (Teksas) konsulhanasyny ýapmalydygyny aýtdy. Pekin muny berk ýazgaryp, munuň halkara kanunçylygyna çapraz gelýändigini we jogap çärelerine iterýändigini aýtdy.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň 22-nji iýulda beren maglumatyna görä, ABŞ bu barada bir gün öň duýduryş berip, konsulhananyň 72 sagadyň içinde ýapylmalydygyny aýdypdyr.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsi konsulhananyň ýapylýandygyny tassyklady we munuň “amerikanlaryň intellektual eýeçiligini we şahsy maglumatlaryny goramak” maksady bilen edilendigini aýtdy.