Ýer şaryndaky saglyk işgärleri koronawirusyň täzeden ýaýramagy bilen göreşýärler. Bilermenler 650 000 adamy öldüren wirusyň ýokaşmak depgininiň ozal haýallaşan ýerlerinde-de ony saklamagyň nähili kyn boljakdygyny belleýärler.
Hytaý wirusy gözegçilik astyna alandygyny aprel aýynda yglan edeli bäri kesellänleriň gündelik sanynyň iň ýokary görkezijisini habar berdi.
Ýewropanyň birnäçe ýurdunda, şol sanda Ispaniýada, Fransiýada we Germaniýada keseliň ýaýramagy bilen bagly aladalar artýar.
Dünýädäki pandemiýadan iň agyr ýitgi çeken ABŞ-da keseliň ýaýramak depgininiň gowşamagynyň alamatlary göze ilmeýär. ABŞ-da koronawirus 4,2 million adama ýokaşyp, 147 000 adamyň ölümine sebäp boldy.
Bütin dünýäde bu kesele uçran adamlaryň sany 16 milliona golaýlan wagtynda, Latin Amerika we Karib deňzi regionlarynda kesellänleriň sany 4,3 milliona ýetdi. Bu ýerde pidalaryň sany boýunça Braziliýa öňde barýar. Şeýle hem Meksikada, Peruda, Kolumbiýada we Argentinada kesellänleriň sany köpeldi.