Gyrgyz prezidenti Azymjan Askarow meselesinde ‘halkara ülňüleri berjaý edildi’ diýýär

Özbegistan. Hukuk goraýjy Azymjan Askarow jaýlanaýar. 31-nji iýul, 2020.

Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow 1-nji awgustda Jemgyýetçilik teleradioýaýlymlar korporasiýasynyň “Birinji radiosyna” beren interwýusynda ýaňy-ýakynda aradan çykan adam hukuklary aktiwisti Azymjan Askarowyň işi bilen baglanyşykly soraglara jogap berende, “halkara ülňüleri berjaý edildi” diýdi.

Döwlet baştutany bu işiň "2010-njy ýyldan bäri Gyrgyzystanyň ýaşaýjylarynyň we dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip gelendigini” belledi. “Iki tarap hem dürli kazyýetlere ýüz tutdy. Halkara ülňüleri berjaý edildi. Gyrgyzystanda kanunyň hökmürowanlygy agalyk etmeli. Eger-de men kazyýetiň kararlary barada düşündiriş berip başlasam, nädogry bolar” diýip, gyrgyz lideri aýtdy.

Şeýle-de ol häzirki pandemiýa wagtynda ýurt raýatlaryndan köp adamyň ölendigini boýun aldy. "Gurban baýramynyň bellenýän günlerinde men ýakynlaryny ýitiren ähli raýatlara, olaryň kim bolandygyna garamazdan, ýene-de bir gezek gynanç bildirmek isleýärin" diýip, Sooronbaý Jeenbekow aýtdy.

69 ýaşyndaky Azymjan Askarow, ömürlik türme tussaglygyna höküm edilen adam hukuklaryny goraýjy 25-nji iýulda Gyrgyzystanyň 47-nji düzediş edarasynda aradan çykdy.

Askarow türmede ýogalandan soň, birnäçe halkara guramasy Gyrgyzystanyň häkimiýetlerini tankytlady we onuň ölümi boýunça derňew geçirmäge çagyrdy.

Azymjan Askarow Jelalabat sebitiniň Bazar-Korgon etrabynda ýaşaýardy we adam hukuklary bilen meşgullandy.

Ol 2010-njy ýylyň iýun wakasyndan soň, bidüzgünçilikleri guramakda we polisiýa işgäriniň öldürilmegine gatnaşmakda güman edilip tussag edildi. Ol sud häkimiýetleriniň ähli derejesinde ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

BMG-niň Adam hukuklary geňeşi 2016-njy ýylda Askarow meselesi babatynda öz çykaran netijesini mälim etdi. Onda Azymjan Askarowyň tussaglykda saklananda gynalandygy, şeýle hem lukmançylyk kömeginden we bitarap sud edilmek hukugyndan mahrum bolandygy bellenilýär.