Eýran we Ýewropa Bileleşigi, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýadro ylalaşygynda göz öňünde tutulan şertlere laýyklykda, Eýrana garşy girizilen sanksiýalary ‘gaýtarmak’ baradaky planyny ret etdiler.
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif 16-njy awgustda çykyş edip, ABŞ-nyň bu ylalaşykdan eýýäm çykandygyna ünsi çekdi.
ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josef Morrelliň metbugat wekili Waşingtonyň resmi ýagdaýda ‘Bilelikdäki Giňişleýin Hereket Meýilnamasy’ diýlip atlandyrylýan ylalaşykdan çykandygyny, şol sebäpli onuň bir tarapy bolup bilmeýändigini aýtdy.
Birleşen Ştatlar 2015-nji ýylda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ylalaşyk boýunça kabul eden rezolýusiýasynda ABŞ-nyň ylalaşygyň bir “tarapy” hökmünde görkezilendigine ünsi çekip, özüniň heniz hem ylalaşygyň “gatnaşyjysy” bolup galýandygyny aýdýar.