«Öz janyňy halas etmeli». Hytaýdan-da, Gazagystandan-da gaçmaga mejbur bolan gazak

Ömirbek Bekaly, Sinjiangdan gaçyp çykan gazak, häzir Niderlandiýada ýaşaýar.

Milleti gazak bolan Ömirbek Bekaly Hytaýyň Sinjiang welaýatyndaky «syýasy lagerde» bolup çykan bendilerden biri. Ol häzir graždanlyk alyp, Niredlandiýanyň Rotterdam şäherinde ýaşaýar. Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde Bekaly häzirki durmuşy hem bu ýerlere gelip düşmeginiň sebäpleri barada gürrüň berdi.

50 ýaşyndaky Ömirbek Bekaly Hytaýyň Turfan şäherinde dünýä indi. Ol 2006-njy ýylda Almaty şäherine geldi hem iki ýyldan soň Gazagystandan graždanlyk alyp bildi. Aýaly Rauşangül bilen üç çagany terbiýeleýärler. 2017-nji ýylda Turfanda galan garyndaşlaryny görmäge baranynda, ony tutup, lagere ugratdylar. Sekiz aýlyk lager tussaglygyndan soň, oňa ýene Gazagystana dolanmak başartdy. Ýöne erkinlige çykandan soň, ol «lageriň» içinde nähili ýowuzlygyň bolýandygyny açyk aýdyp başlady. Sinjiangyň köprägi yslam dinine uýýan ýerli ilatyndan milliondan gowrak adamyň ol «lagerde» gynalandygyny we munuň entegem dowam edýändigini ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalaryna aýtdy. Bekaly birnäçe daşary ýurt neşirlerine interwýu berdi. Ol 2018-njy ýylyň maýynda Türkiýä geçdi, soňra Niderlandiýa. Häzir maşgalasy bilen şol ýerde ýaşaýar.

«SAŇA TÜRMEDE OTURANYŇ AZMY?»

Azatlyk: Siziň Gazagystandan gitmegiňize näme sebäp boldy?

Ömirbek Bekaly: Men Gazagystanyň graždanini wagtymda, Hytaýdaky «lagerde» agyr kynçylygy başdan geçirdim. Gazagystana dolanyp gelenimden soň, nähili azaby başdan geçirenimi, nämeler görenimi açyk aýdyp başladym. Ol ýerde (Sinjiangdaky täzeden terbiýeleýiş lagerinde – Red.) jebir gören diňe men däl, müňlerçe gazaklar hem uýgurlar bar. Öz interwýularymda ol adamlaryň nähili gynamalara hem kemsidilmelere duçar edilişini aýtdym. Ýöne ol aýdanlarym üçin, maňa gysyş görkezerler diýmändim. Tersine, meniň howpsuzlygym üçin hiç kimiň jogapkärçilik çekmejekdigine düşündim. Şonuň üçin Türkiýä gaçmaly boldum.

Azatlyk: Siz nähili howp-hatar bilen ýüzbe-ýüz bolduňyz?

Ömirbek Bekaly: 2018-nji ýylyň 17-nji maýynda meniň ýanyma «biz organdan» diýip, iki ýigit geldi. Olaryň sözüne görä, goňşularym menden arz edipdirler, hamana men öýümde terroristleri taýýarlaýarmyşym. 11-12 ýyl Gazagystanda ýaşan döwrümiň dowamynda, men hiç bir gurama goşulmadym, hiç bir jenaýatçy topar bilenem gatnaşygym ýok. Hytaýda-da, Gazagystanda-da kanuny bozmadym. Haçan-da Hytaýdaky zorluk çäreleri barada aýdanymda, meniň öýümi terroristiň «ojagyna» öwürdiler.

Sinjiangdaky etniki toparlara basyş

2017-nji ýylyň ýazynda Sinjiangdaky türki dilli halklary, şol sanda uýgurlary, gazaklary «täzeden terbiýeleýiş lagerine» iberýändikleri baradaky habar ýaýrady. Ol lagerde bolan etniki gazaklar Saýragül Saýytbaý hem Ömirbek Bekaly Gazagystana gelenlerinden soň, Hytaýdaky musulmanlara garşy görülýän repressiýa çäreleri barada gürrüň berip başladylar. Gazagystanyň hökümeti «serhetden bikanun geçdiň» diýip, Saýytbaýy 6 aýlyk azatlykdan çäklendirdi. Ol Gazagystanda ne graždanlyk, ne-de bosgunlyk statusyny alyp bildi, şonuň üçin, Şwesiýa gitmeli boldy.

Günbatar döwletleri hem ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar Sinjiangdaky basyşlary bes etmek barada, Pekine çagyryş edýärler. ABŞ ol ýerdäki musulman azlykdakylara edýän basyş üçin, Hytaýyň garşysyna sanksiýa girizdi. Hytaý bolsa ähli aýyplamalary ret edip, «ekstremizme garşy göreşýändigini», «lageriň täzeden terbiýeleýiş» ýeri bolup, onuň «professional taýýarlygy ösdüriş merkezdigini» aýdýar.

Sinjiang «lagerinde» bolanlar hem-de kimiň hossarlary ol ýerde dereksiz ýiten bolsa, Gazagystanyň Alamty, Nur-Sultan we beýleki şäherlerde birnäçe gezek ýygnak geçirip, hökümetden öz ýakynlarynyň azatlyga çykmagyny haýyş etdiler. Ýöne Hytaý bilen Gazagystanyň ýakyn ykdysady aragatnaşygy sebäpli Sinjiangdaky ýagdaý resmi suratda aýdylman, oňa «Hytaýyň içerki işi» hökmünde garalýar. Ýöne käbir ýagdaýda Gazagystanyň graždanlygyny alanlara ýardam edilendigi barada maglumat bar.

2019-nji ýylyň dekabrynda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew nemes telekanaly Deutsche Welle interwýu bereninde, Hytaýyň Sinjiang welaýatyndaky türki dilli musulmanlara gysyş edilýändigi baradaky gaty köp halkara guramalarynyň maglumatynyň «hakykata laýyk gelmeýändigini», etniki gazaklar barada aýdylanda bolsa «bu temany çişirmek meýliniň bardygyny» aýtdy.

Bu söz etniki gazaklarda nägilelik döretdi, olar öz ýakynlarynyň Hytaýda basyşa duçar bolýandygyny hem yzarlanýandygyny aýtdylar.

Azatlyk: Belki, goňşularyňyz sizden bir sebäp esasynda arz edendirler? Siz näme üçin muny Hytaý bilen bagly hasap edýärsiňiz?

Ömirbek Bekaly: Hytaýdan gaýdyp gelenimden soň men Azatlyk Radiosyndan başlap, birnäçe gazak telekanallaryna interwýu berdim. Şol interwýulardan soň adamlar gelip, maňa gös-göni: “Hytaýda seniň garyndaşlaryň galdylar. Agzyňy ýumup, özüňi ýuwaş alyp barmagyň gerek. Saňa türmede oturanyň azmy? Ýene ol ýere düşesiň gelýärmi?” diýdiler. Men beýle sözleri ýygy-ýygy eşitdim. Häzir ol adamlaryň adyny agzasym gelenok. Türkiýä gitmezimden ýarym aý öň ABŞ-dan bolan žurnalistlere Hytaý barada interwýu berdim. Interwýu çykandan bir gün geçmänkä, meniň öýüme «organdan» adam gelip, içerini dökdüler. Çagalarymyň üçüsi-de öýdedi. Üç gün geçensoň men kiçi oglumy hem gyzymy alyp, Stambula uçdum.

«GITMEK ÜÇIN ÝALAN GEPLEMEK»

Azatlyk: Türkiýä gitmek kyn bolmadymy?

Ömirbek Bekaly: Türkiýä men wizasyz – Gazagystanyň graždanini hökmünde gitdim. «15 günlük dynç alyşa barýan» diýip, öz ýurdumdan çykmak üçin, ýalan geplemeli boldum.

Azatlyk: Siz Türkiýede galmansyňyz ahyryn. Ýa size ol ýerde galmaga rugsat etmedilermi?

Ömirbek Bekaly: Gazagystanda başlanan haýbat Türkiýede-de dowam etdi. Gazagystanda gazaklar hem Hytaýyň wekilleri haýbat atan bolsalar, Stambulda uýgurlar hem türkler meniň ümsüm bolmagym barada duýduryş alandyklaryny aýtdylar. Käte yzymda adam bardygyny gördüm. Men olary hatda surata-da düşürdim. Ahyrky netijede, öz janymy halas etmek üçin, başga bir ýurda gitmeli boldum.

Azatlyk: Niderlandiýa nädip düşdüňiz?

Ömirbek Bekaly: Mundan öňinçä men birnäçe ýurtdan başpena soradym, owaly bilen ABŞ gitmek isledim, ýöne wiza bermediler. Soňra Şweýsariýadan hem Germaniýadan wiza soradym, Belgiýanyň hökümetine arza ýolladym. Olaram ýüz öwürdiler. Diňe Niderlandiýa bir aýlyk wiza berip, öz serhedinden geçmäge rugsat etdi.

Ömirbek Bekaly Rotterdamda. Surat onuň şahsy arhiwinden alyndy.

Azatlyk: Siz häzir Niderlandiýada nähili dokument bilen ýaşaýarsyňyz?

Ömirbek Bekaly: Häzir men Niderlandiýanyň graždanini. Men hem meniň çagalarym bu ýere gelenimizden soň, Gazagystanyň graždanlygyndan ýüz öwürdik. Biziň arzamyza alty aýlap seretdiler hem ahyrynda netije çykardylar. (Bekaly Azatlygyň habarçysy bilen wideo arkaly gepleşende, Niderlandiýanyň hökümetinden alan dokumentlerini görkezdi – Red.) Aýalyma bolsa bosgunlyk statusyny berdiler.

Azatlyk: Aýalyňyzyň nähili graždanlygy bar?

Ömirbek Bekaly: Rauşangül Hytaýyň graždaninidi. 2005-nji ýyldan Gazagystanda ýaşady, 2006-njy ýylda bolsa Gazagystanyň graždanlygyny almaga arza berdi. Ýöne gazak hökümeti aýalyma ne graždanlyk berdi, ne-de bosgunlyk statusyny.

Azatlyk: Siz häzir Rotterdamda näme bilen meşgullanýaňyz?

Ömirbek Bekaly: Okaýan. Owaly bilen dil öwrenýän. Ikinjiden, meniň esasy hünärim turizm bilen baglanyşykly. Hytaýda-da, Gazagystanda-da dürli syýahatlary gurnadym. Häzir bolsa öz işimi kämilleşdirmek üçin bilim alýan, geljekde halkara kompaniýalarynda işlemekçi bolýan. Niderlandiýada turizm gowy ösüpdir. Häzir meniň maşgalam Türkiýede syýahat edýärler, o ýerde meniň garyndaşlarym ýaşansoň, olaryň ýanyna gitdiler. Niderlandiýanyň hökümeti bize ýaşaýyş jaý berdi. Her aýda maňa, aýalyma hem çagalaryma ýörite degişli puly geçirip durlar. Biz örän dynçlykda ýaşaýas. Çagalar mekdepde okaýarlar. Aýşa altynjyny, Ibrahim üçünjini, kiçimiz Muhammet 1-nji synpy gutardylar.

Azatlyk: Göwnüňizde nähilidir bir ökünç, arman edýän zadyňyz barmy?

Ömirbek Bekaly: Görsek, çagalar ene dilini çalt unutjak eken. Olar gazakça geplemäni goýdular. Şoňa gynaýan.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.