Minskde onlarça müň protestçi Lukaşenkanyň gitmegini talap etdi (WIDEO)

Minskiň köçelerindäki howpsuzlyk gulluklary. 30-njy awgust, 2020 ý.

Belarusyň paýtagty Minskde onlarça müň adam uzak wagtlap awtoritar dolandyryjy Aleksandr Lukaşenkanyň 66 ýaşynyň dolmagynyň arasynda, onuň wezipesinden çekilmegini talap edip paýtagtyň merkezine ýöriş geçirdi.

Protestçiler Lukaşenkanyň dolandyryşyna garşy simwola öwrülen, oppozisiýanyň ak-gyzyl baýdagyny galgadyp, Içeri işler ministrligiň adamlaryň toplanmazlygyna garşy eden çagyryşyna hem garamazdan, 30-njy awgustda Minskiň Garaşsyzlyk meýdançasyna tarap ýöriş geçirdiler.

Protestçiler prezident köşgüniň daşynda ýygnanyp, “Doglan günüň gutly bolsun, alaka!”, “Git” diýen şygarlary gygyrdylar. Demonstrantlaryň köpüsinde Lukaşenka garşy plakatlar hem bardy. Protestçileriň bir topary gara reňkli tabydy hem göterip getirdiler. Ýatlatsak, geçen hepde Lukaşenka protestçileri “alakalar” diýip atlandyrypdy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Belarusdaky protestler dowam etdirilýär, polisiýa demonstrantlary saklaýar

“BelaPan” habar agentliginiň maglumatyna görä, Minskdäki protestçileriň sany 100 müň adamdan hem geçipdir.

Belarus häkimiýetleri 9-njy awgustda geçirilen dawaly prezident saýlawdan soňky protestleriň dowam etdirilmeginiň çäginde, bazar güni Minskiň Garaşsyzlyk meýdanynda we şäher merkeziniň beýleki ýerlerinde geçiriljek ýygnanyşyklaryň öňüsyrasynda demir haýatlary oturtdy.

Içeri işler ministrligi Garaşsyzlyk meýdançasynyň golaýynda we paýtagtyň beýleki ýerlerinde azyndan 125 protestçiniň saklanandygyny mälim etdi.

Minske birnäçe harby ulag hem salnyp, olar prezident rezidentsiýasynyň golaýynda ýerleşdirildi. Içeri işler ministrligi munuň “howpsuzlyk çärelerini pugtalandyrmak” maksady bilen görlen çäre bolandygyny aýtdy.

Lukaşenka protestçiler bilen gepleşige başlamak boýunça häzire çenli hiç bir yşarat görkezmeýär. Ol demonstrantlaryň daşary güýçler tarapyndan täsirlenýändigini öňe sürýär.

Russiýanyň ‘Ria Nowosti’ habar serişdesi Lukaşenkanyň köşgüň içinde elinde awtomatiki ýarag bilen aýlanyp ýören suratyny çap etdi. “Ria Nowosti” suratyň Lukaşenkanyň metbugat wekili tarapyndan iberilendigini aýtdy.

Protestler başlanaly bäri Lukaşenkanyň agyr ýarag göterip duran suraty eýýäm ikinji gezek köpçülige äşgär edildi.

Galp saýlawlar

Belarusda ýurduň saýlaw komissiýasynyň Lukaşenkanyň altynjy möhlete prezident saýlanandygyny yglan etmeginden soň, ýurtda üç hepde bäri protestler we iş taşlaýyşlar dowam etdirilýär.

Oppozisiýa ses berişlikde bidüzgünçiliklere ýol berlendigini we saýlawlaryň Lukaşenkanyň bähbidine galplaşdyrylandygyny aýdýar.

Oppozisiýadan prezidentlige dalaş eden Swetlana Tihanowskaýanyň ýakyn ýaranlarynyň biri Mariýa Kolesnikowa 30-njy awgustda Minskde geçirilen protestde pitnä garşy polisiýanyň öňünde elleri bilen yşarat edýär.

Belarus prezidentligine dalaş eden Swetlana Tihanowskaýa saýlawlaryň öňüsyrasynda tutuş ýurt boýunça öz ýörişlerine onlarça müň adamy çekmegi başarypdy. Bu Lukaşenkanyň sowet döwrüniň mysalyndaky häkimiýet dolandyryşyna barha köp kişiniň garşy çykyp başlandygyny aýan etdi.

Emma saýlaw resmileri Tihanowskaýanyň ses berişlikde sesleriň bary-ýogy 10%-ni alandygyny, Lukaşenkanyň hem 80%-ni alandygyny yglan etdiler. Bu hem ses berijileriň gahar-gazaba münüp, köçelere çykmagyna sebäp boldy.

Öňki ýyllarda bolşy ýaly, saýlawlardan soňky birnäçe günüň içinde dowam eden köpçülikleýin tussag etmeler, şeýle-de polisiýanyň sütemleri we gynamalary protestçileriň hyjuwyny gowşadyp bilmedi. Bu hem Lukaşenkanyň häkimiýeti öz elinde nä derejede saklap biljekdigi barada soraglary döretdi.

Mundan bir gün öň, 29-njy awgustda geçirilen protest ýörişlerine 10 müň çemesi adam, hususan-da aýallar köp gatnaşdy we olar şäher merkezinde ýöriş etdiler.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Belarus protestçileri Lukaşenkanyň gitmegine çagyrýar

Tihanowskaýa Ýewropa Parlamentine ýüzlenip eden çykyşynda protestleriň basylyp ýatyrylmagynda azyndan alty adamyň ölendigini we onlarça adamyň ykbalynyň, polisiýanyň tussag etmeginden soň, näbelli bolmagyna galýandygyny aýtdy.

30-njy awgustdaky planlaşdyrylan protestiň öňýany Içeri işler ministrligi adamlary rugsat berilmedik ýörişlere gatnaşmazlyga çagyrdy. Demonstrantlaryň aglabasy bu talaba boýun bolmakdan ýüz öwürdi.

Bu aralykda, belarus häkimiýetleri dawaly bolan prezident saýlawlaryndan soň ýurtdaky protestler we olara garşy görülýän çäreler barada maglumat taýýarlaýan esasy daşary ýurt habar guramalarynyň azyndan 17 žurnalistiniň, şol sanda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň hem iş ygtyýarnamasyny ýatyrdy.

Günbatar Belarusdaky saýlawlary we polisiýanyň oppozisiýa protestçilerine garşy sütemini ýazgardy. Munuň netijesinde, Lukaşenka goldaw gözläp Moskwa ýüz tutdy.

30-njy awgustda Kreml öňümizdäki hepdelerde rus prezidenti Wladimir Putin bilen Lukaşenkanyň Moskwada ýüzbe-ýüz duşuşmagyna garaşylýandygyny mälim etdi.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Putin Lukaşenkany doglan güni bilen hem gutlady. Putin bilen Lukaşenka protestler başlanaly bäri eýýäm ençeme gezek özara söhbetdeşlik geçirdiler.

Kremliň berýän maglumatyna görä, iki tarap-da özara goňşuçylyk ýaranlygyny berkitmäge we ösdürmäge gyzyklanma bildiripdiler.