Ukrainanyň demirgazyk-gündogarynda bolan uçar heläkçiliginde 26 adam öldi

Ýykylan uçar.

25-nji sentýabr agşamy Ukrainanyň gündogarynda harby transport uçary heläkçilige uçranda 26 adam, şol sanda Howa güýçleriniň kursantlary heläk boldy diýip, harbylar aýtdy.

27 adamy alyp barýan Antonow An-26 uçary demirgazyk-gündogar Harkow sebitine gonan wagtynda heläkçilige uçrady.

Resmiler soňra uçardaky pilotyň gonuşdan sähel wagt öň motor näsazlygy barada habar berendigini aýtdylar.

Iki adam ölmän galdy we keselhana ýerleşdirildi. Ýöne resmiler soňra olaryň biriniň aradan çykandygyny habar berdiler.