Daglyk-Garabag konfliktinde has köp asuda raýatyň oka tutulmagy baradaky aýyplamalaryň fonunda Baku 'soňuna çenli' söweşjegini duýdurýar

Daglyk-Garabagda 1-nji noýabrda bolan top atyşlykda hatardan çykandygy aýdylýan ýangyn söndüriji ulagy

1-nji noýabrda Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew dowam edýän Daglyk-Garabag söweşi boýunça has ýiti duýduryş berdi. Aliýew we ýokary derejeli azeri resmileri ýurda sapar edýän berk ýaran Türkiýäniň wekiliýeti bilen duşuşdy. Bakuwdan berlen berk duýduryş Azerbaýjan we Ermenistan birek-biregi täze hüjümlere girişmekde aýyplaýan wagty berildi.

Etniki ermeni tarapy Daglyk-Garabagda 27-nji sentýabrda söweşler başlanaly bäri 1,200-den gowrak harbynyň we asuda raýatyň ölümi barada habar berdi. Daglyk-Garabag Azerbaýjanyň bölünip aýrylan sebiti bolup ol ýerde esasan etniki ermeniler ýaşaýar we sebite Ýerewan hemaýat edýär.

Azerbaýjan tarapy harby ýitgileri barada habar bermeýär ýöne 91 asuda raýatyň öldürilendigini hem-de 400-den gowrak adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

1-nji noýabrda Daglyk-Garabagyň etniki ermeni ýolbaşçylary Azerbaýjan güýçlerini Martuni şäherçesine we beýleki ýerlere raketa hüjümlerini amala aşyrmakda aýyplady.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi ermeni güýçleriniň iki ýurduň ykrar edilen araçäginde hem-de Tartar we Agjabedi ilatly nokatlarynda öz pozisiýalaryny topa tutandygyny aýtdy.

Söweşleriň töweregindäki öňe sürmeleri we olara bildirilýän gapma-garşy aýyplamalary tassyklatmak kyn.