Belarusyň paýtagty Minskde protestçiler Alesksandr Lukaşenkanyň wezipesinden çekilmegini we täze saýlawlaryň geçirilmegini talap edip, tapgyr 13-nji ýekşenbe köçelere çykdylar. 9-njy awgustdaky dawaly prezidentlik saýlawlaryndan bäri ýurtda adamlaryň entek görlüp-eşidilmedik derejedäki jemgyýetçilik garşy duruş çäreleri geçýär.
“Demokratiýa ugrundaky ýöriş” atlandyrylan bu çärä adamlar oppozisiýanyň nyşanasyna öwrülen gyzyl-ak reňkli baýdaklar we saýawanlar bilen geldiler.
Minskiň merkezine köp sanly polisiýa işgäri çekildi. Ýöriş başlanandan soň, ençeme adam tussag edildi.
Paýtagtda ir ertirden mobil telefonlardaky internet çäklendirildi. Ýörişden bir sagat öň şäheriň merkezindäki ençeme metro stansiýasy ýapyldy.