Azerbaýjan güýçleri Daglyk-Garabagdaky ençeme hepdeläp dowam eden çaknyşyklary togtatmak boýunça baglaşylan ylalaşygyň çäklerinde, Ermenistanyň gaýdyp bermeli üç etrabynyň ikinjisine girdiler.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň 25-nji noýabrda beren maglumatyna görä, şu aýda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň we Russiýanyň gol goýan ylalaşygyna laýyklykda, azeri harbylary Karwaçar (azerbaýjanlylar Kelbajar atlandyrýar) etrabyna giripdir.
Karwaçar ilki 15-nji noýabrda gaýdyp berilmelidi, emma Azerbaýjan ynsanperwer sebäplere görä senäni yza süýşürdi.
Goranmak ministrligi harby birikmeleriň aşmagyny üpjün etmek üçin gerekli inženerçilik işleriniň geçirilendigini we sebitiň minalardan arassalanandygyny aýtdy.
Alty hepdeläp dowam eden harby çaknyşyklary togtamak maksady bilen baglaşylan ylalaşyga görä, Ermenistan Garabagyň töweregindäki üç, ýagny Agdam, Karwaçar we Laçyn etraplaryndan çykmagy borçlanypdy.
Azeri güýçleri Agdama 20-nji noýabrda girdiler. Laçyn etraby hem 1-nji dekabra çenli gaýdyp berilmeli.
Prezident Wladimir Putin Russiýanyň howandarlygynda gelnen ylalyşygyň berjaý edilişini aýry-aýry telefon söhbetdeşliginde Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew we Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan bilen maslahatlaşdy diýip, Kreml 24-nji noýabrda maglumat berdi.