Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de ýarym resmi habar saýtlary 20-nji ýanwarda ABŞ-da geçirilen inagurasiýa dabarasy barada heniz habar bermedi.
Çarşenbe güni demokrat Jo Baýden ABŞ-nyň 46-njy prezidenti hökmünde kasam kabul etdi.
Bu waka dünýä arenasynda möhüm waka boldy, halkara habar serişdeleri ABŞ-da geçirilen prezident saýlawlaryny hem-de onuň yzysüre geçirilen inaugurasiýa dabarasyny ýakyndan yzarlady.
Türkmenistanyň media serişdeleri, şol sanda ýarym resmi habar saýtlary bu möhüm waka barada heniz habar bermedi.
Mundan ozal, 29-njy noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Baýdeniň wezipä saýlanmagy mynasybetli oňa gutlag hatyny iberdi.
Demokrat Jo Baýden ABŞ-da 2020-nji ýylyň 3-nji noýabr güni geçirilen prezident saýlawlarynda öňki prezident Donald Trampa garşy ýeňiş gazandy. Ol 20-nji ýanwarda ABŞ-nyň 46-njy prezidenti hökmünde kasam kabul etdi.