Tramp 2024-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawyny agzady

Donald Tramp

ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp, işinden aýrylandan soň ilkinji gezek 28-nji fewralda syýasy sahna gaýdyp geldi we Respublikan partiýanyň aýrylmaz lideri statusyny berkitmäge synanyşdy.

Tramp prezident Jo Baýdeniň ýanwar aýynda işe başlaly bäri eden ilkinji möhüm çykyşynda 2024-nji ýylda gaýtadan prezidentlige dalaşgär boljakdygyna yşarat etdi we üçünji partiýa döretmekçi bolýandygy baradaky myş-myşlardan boýun gaçyrdy.

“Men siziň tarapyňyzda söweşmegi dowam etdirerin. Täze partiýalaryň düýbüni tutmaýarys"-diýip, Tramp Florida ştatynyň Orlando şäherinde geçirilen Konserwatiw syýasy hereket konferensiýasynda (CPAC) aýtdy.

“Bizde Respublikan partiýa bar. Ol öňküsi ýaly güýçli we jebisleşer "-diýdi.

Tramp 3-nji noýabrdaky saýlawda çeken ýitgisini ret etmegini dowam etdirdi we Baýdeni birnäçe meselede günäkärledi.

"Jo Baýden ilkinji aýy soňky taryhdaky ähli prezidentleriň arasynda iň aýylganç boldy" -diýip Tramp aýtdy.

Ozalky prezidentlerden tapawutlylykda, Tramp syýasy äheňde çykyş etmekden we mirasdüşerini tankytlamak niýetinden el çekmejegini duýdurdy.

Ak tam Trampyň çykyşyna kän bir ähmiýet bermejekdigini mälim etdi.