Russiýa owgan parahatçylyk maslahatyny geçirmegi planlaşdyrýar

Rus prezidentiniň Owganystan boýunça wekili Zamir Kabulow

Owgan hökümeti bilen “Talybanyň” arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerinde öňegidişlik gazanylmaýan mahaly, Russiýa 18-nji martda Owganystany maslahat etmek üçin Moskwada konferensiýa geçirmegi planlaşdyrýar. Bu maslahata ABŞ-nyň gatnaşyp-gatnaşmajakdygy mälim däl.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa 9-njy martda beren beýanatynda owganara gepleşikleriň ösdürilmegine bagyşlanjak maslahata ABŞ-nyň, Hytaýyň we Pakistanyň Moskwa çagyrylýandygyny aýtdy.

Maslahata owgan hökümetiniň wekiliýeti, “Talyban” wekilleri we owgan parahatçylyk gepleşiklerine beýemçilik edýän Katar hem çagyryldy.

Russiýanyň diplomatik tagallalary ABŞ goşunlarynyň 1-nji maýa çenli Owganystandan çekilmek ähtimallygynyň öňýany, prezident Jo Baýdeniň administrasiýasynyň Kabul hökümeti bilen “Talybanyň” arasynda sentýabrda başlanan gepleşikleri janlandyrmak we ok atyşygyň bes edilmegini gazanmak isleýän wagtyna gabat gelýär.