Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi prezidente hormatly at dakdy

G.Berdimuhamedow özüne sowgat berlen atlar bilen halka görünmegi adat edindi.

TDH prezident, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi” diýen hormatly adyň dakylandygyny habar berýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowanyň gol çeken kararynda bu adyň oňa "Türkmen atlary" döwlet birleşiginiň towakganamasy we giň halk köpçüliginiň isleg-arzuwlary esasynda, atçylygy ösdürmekde bitiren hyzmatlaryny üçin dakylýandygy aýdylýar.

Şu aralykda wise-premýer, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik palatasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow Halkara Ahal-teke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti wezipesine saýlandy diýip, TDH habar berdi.

Mundan öň bu birleşige onuň kakasy G.Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýärdi.