G7-niň maliýe ministrleri Londonda global korporatiw salgyt ylalaşygyny maslahatlaşar

Angliýanyň maliýe ministri Rişi Sunak duşuşygyň öňüsyrasynda ministrleriň “anyk netijelere” geljekdigine “gaty umytlydygyny” aýtdy.

Uly ýedilik toparynyň (G7) maliýe ministrleri 4-nji iýunda Londonda duşuşyp, iň az global korporasiýa salgyt planlary baradaky gepleşiklere başlar.

Ministrleriň COVID-19 çäklendirmeleri gowşadylaly bäri geçirilýän ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşygyna Angliýanyň maliýe ministri Rişi Sunak beýemçilik eder.

Angliýanyň, Kanadanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň we ABŞ-nyň maliýe ýolbaşçylary Google, Facebook we Amazon ýaly ägirt uly korporasiýalardan has köp salgyt almak boýunça ylalaşyk gazanmaga çalyşýar.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden şu wagta çenli Fransiýa we Germaniýa ýaly ýurtlaryň giň goldawyna eýe bolup, iň az korporatiw salgydyň mukdarynyň 15% edilmegine çagyrdy.

Minimum salgydy goldaýan ýurtlar bu çäräniň iri korporasiýalara iň pes salgyt teklip edýän ýurtlaryň arasynda döreýän bäsdeşligiň soňuna çykmak üçin zerurdygyny aýdýarlar.

Olaryň pikiriçe, 15% global minimum hökümetleriň COVID-19 kömek çärelerine trillionlarça dollar sarp eden döwründe “korporatiw salgyt derejeleri boýunça iň pes töleg ugrundaky ýaryşy” bes eder.

Sunak duşuşygyň öňüsyrasynda ministrleriň “anyk netijelere” geljekdigine “gaty umytlydygyny” aýtdy.