AÝ/AR-yň prezidenti: Lukaşenka "daşary ýurt agentleri" kanunyny kabul etmegi maslahatlaşýar

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Jeými Flaý

9-njy iýunda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR) prezidenti Jeými Flaý (Jamie Fly) ABŞ Senatynyň komitetine Belarusyň awtoritar dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenkanyň ýurtda media azatlygyny mundan-da beýläk çäklendirmek üçin, Russiýadaky “daşary ýurt agentleri” kanunyna öýkünmegi maslahatlaşandygyny aýtdy.

Daşary gatnaşyklar komitetinde uzakdan şaýatlyk eden Flaý Russiýadaky kanunyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky işlerine nähili täsir edendigini, awtoritar liderleriň “birek-birekden öwrenýändiklerini”, maglumat akymyny çäklendirýän kanunlary kabul etmek taktikalarynyň ýaýraýandygyny we olaryň şeýle usullary dürli formada we dürli tizlikde uýgunlaşdyrýandyklaryny gürrüň berdi.

“Meniň aladam – biz bu meýili Russiýada görýäris, biz muny, zurnalistikanyň kriminallaşdyrylmagyny başga tizlikde Belarusda görýäris” diýip, Flaý aýtdy.

Russiýanyň “daşary ýurt agentleri” kanuny daşary ýurt ýardamlaryny kabul edýän hem-de Russiýanyň hökümetiniň "syýasat bilen meşgullanýar" diýip hasaplaýan hökümete degişli bolmadyk guramalardan bellige alynmagy, özlerini “daşary ýurt agentleri” diýip tanatmagy, barlaglara tabyn bolmagy we öz maglumatlaryny tagmalamagy talap edýär.