Gyrgyz resmileri magaryf işgäriniň türk aňtaw gulluklary tarapyndan alnyp gaçylmagyna öz gatnaşyklaryny ret edýär

Gyrgyz parlamentiniň ýokarky geňeşi

Gyrgyz resmileri geçen aý Bişkekde ýitirim bolan türkiýeli gyrgyz magaryf işgäriniň alnyp gaçylmagynda özleriniň türk aňtaw gulluklary bilen gizlin hyzmatdaşlyk edendikleri baradaky aýyplamalary ret etdi.

Türkiýäniň kazyýet kararyna esaslanmaýan soňky amallary Gyrgyzystanda garşylyk döretdi. Gyrgyz parlamenti 7-nji iýulda Orhan Inandynyň işinde howpsuzlyk resmileriniň we hökümetiň dildüwşügini ýa-da emelsizligini soraga çekdi.

Gyrgyzystandaky “Sapat” bilim edaralarynyň başlygy Inandy 31-nji maýda giçlik syrly şertlerde gyrgyz paýtagtynda ýitirim boldy.

Onuň aýaly Inandynyň türk ilçihanasynda saklanýandygyny aýtdy

5-nji iýulda prezident Rejep Taýýip Erdogan MIT aňtaw gullugynyň agentleriniň Inandyny alyp gaçyp, Türkiýä getirendigini aýtdy we muny “hakyky hem sabyrly operasiýa” häsiýetlendirdi.

Hökümet maslahatyndan soň eden çykyşynda türk prezidenti Inandyny ABŞ-da ýaşaýan türk din wekili Fethullah Güleniň ýolbaşçylygyndaky hereketiň “Merkezi Aziýa lideri” hökmünde häsiýetlendirdi. Ankara Güleni 2016-njy ýylda bolan gandöküşikli agdarylyşyk synanyşygynda aýyplaýar.

Human Rights Watch 7-nji iýulda beren beýanatynda “türk we gyrgyz häkimiýetleri Bişkekde ýaşaýan türk-gyrgyz goşa raýatlygy bolan bir raýaty alyp gaçdy, zorlukly ýitirim etdi we kazyýet karary bolmazdan Türkiýä geçirdi” diýdi.

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Japarowyň metbugat sekretary Ýerbol Sultanbaýew alyp gaçma häkimiýetleriň gatşygyny ret etdi we şeýle aýyplamalary “tutuşlygyna absurd” atlandyrdy.

Parlament ýygnagynda kanun çykaryjylar yzly yzyna alyp gaçma boýunça aladalaryny beýan etdiler we bu ýalňyşlyk barada ýokary wezipeli howpsuzlyk resmilerini soraga çekdiler.