ABŞ bilen Hindistan Hytaý we Owganystan boýunça gepleşip, howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny ösdürmegi wada berýär

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken (çepde) we Hytaýyň daşary işler ministri Subrahmanýam Jaişankar 28-nji iýulda Nýu Delide duşuşdy.

ABŞ-nyň we Hindistanyň baş diplomatlarynyň 28-nji iýulda Nýu Delide geçiren duşuşygyndan soň, iki ýurt howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny giňeltmegi wada berýär. Waşington Hindistanyň Owganystandaky durnuklylyga goşýan goşandyny “wajyp” häsiýetlendirdi.

Hytaýyň sebitde barha ýokarlanýan özdiýenliliginiň hem-de ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara harby goşunlaryň Owganystandan çekilmeginiň arasynda geçirilen bu duşuşygy döwlet sekretary Antoni Blinken we hindi daşary işler ministri Subrahmanýam Jaişankar agzybirlige üns çekmek tagallalary hökmünde häsiýetlendirdi.

“Dünýäde ABŞ bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklardan has wajyp az sanly gatnaşyk bar” diýip, Blinken metbugat ýygnagynda aýtdy.

“Biz dünýäniň öňdebaryjy iki demokratiýasy we biziň köpdürliligimiz bize güýç berýär” diýip, ol aýtdy.

ABŞ we Hindistan sebitde Awstraliýa hem-de Ýaponiýa bilen goşulyp, Dört ýaran atlandyrylýan ýaranlygy emele getirýär.

Dört ýaran Hytaýyň ykdysady we harby güýç hökmünde ýokary galmagyna gaýtawul bermegi maksat edinýär.

Pekin Dörtlük topary Hytaýyň hyýallaryna päsgelçilik döretmegi maksat edinýän “dar pikirli”, “anti-Pekin kluby” atlandyrdy. Hytaý sebitdäki beýleki ýurtlary bu topara goşulmakdan saklady.

Hususan-da, Pekin Hong Kongda öz hökümüni güýçlendirip, günbatar Hytaýda uýgurlary we beýleki azlyklary jezalandyrmagy dowam etdirýän mahaly, ABŞ-nyň Hytaýyň söwda, howpsuzlyk we adam hukuklary boýunça alyp barýan syýasatlary bilen bagly öňden gelýän aladalary soňky ýyllarda has-da güýçlendi.