'Türkmenistan - iki sahnaly teatr, bir sahna ilata, beýlekisi halkara jemgyýetçiligine gönükdirilýär'

Türkmenistan. Illýustrasiýa suraty.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen derdinden, Türkmenistanda adam hukuklarynyň gözgyny kemsidilmegi bilen bagly gowuşýan habarlardan söz açýar.

Soňky hepdelerde türkmen häkimiýetleri ýurduň içinde hak-hukuklaryny talap etmäge milt edýän adamlara garşy öz basyşlaryny güýçlendirdi.

Öz hukuklaryny talap edýän adamlara basyş edilmegi bilen bagly jemgyýetçilige mälim bolan maglumatlara görä, soňky birnäçe hepdäniň dowamynda gökdepeli lukman Hursanaý Ismatullaýewa, aktiwist Myrat Duşemow, onuň ýarany Juma Jumakaýew, Alty Duşemow dagylar susduryldy.

Bu aralykda, Türkmenistanyň hökümeti ýurtda adam hukuklarynyň hormatlanýandygyny, demokratiýanyň dabaralandyrylýandygyny tekrarlamaga dowam etdirýär.

Garaşsyz turkmen.news neşiriniň baş redaktory Ruslan Mätiýew 31-nji iýulda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistany iki sahnaly teatra meňzetdi, bir sahna halkara jemgyýetçiligine gönükdirilýär, Türkmenistanyň demokratiki döwletdigi tekrarlanýar, ýurtda ynsan hukuklarynyň sylanýandygy öňe sürülýär, beýleki sahnada halk ejir çekýär, ýöne onuň agysyna hiç kim gulak gabartmaýar.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen derdinden, Türkmenistanda adam hukuklarynyň gözgyny kemsidilmegi bilen bagly gowuşýan habarlardan söz açýar.

Gepleşigimize Gollandiýadan turkmen.news neşiriniň baş redaktory Ruslan Mätiýew gatnaşdy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

'Türkmenistan - iki sahnaly teatr, bir sahna ilata, beýlekisi halkara jemgyýetçiligine gönükdirilýär'