Kanar adalarynda wulkanyň partlamagy netijesinde müňlerçe adam ewakuasiýa edildi

2021-nji ýylyň 19-njy sentýabrda Kanar adalar toplumynyň La Palma adasyndaky El Paso şäherinde ýerleşýän "Kumbre Wýeha" (Cumbre Vieja) milli seýilgähde wulkandan lawa atylyp dökülýär.

19-njy sentýabrda Ispaniýanyň Kanar adalar toplumyndaky La Palma adasynda wulkanyň patlamagy netijesinde lawa atylyp dökülip, öýlere tarap süýşüp başlandan soň, azyndan dört oba ewakuasiýa edildi.

Häkimiýetler günortan partlama başlamazdan birnäçe sagat öň, adanyň günortasyndaky az ilatly sebitde iň ejiz ýaşaýjylary we mal-garalary ewakuasiýa edip başladylar, häzire çenli ýaralanan adam ýok.

Kanar adalary günbatar Afrikanyň kenarlaryndan takmynan 100 kilometr uzaklykda ýerleşýär we La Palma arhipelagyň iň demirgazyk-günbatar adasydyr.

Partlama başlandan birnäçe sagat soň, Ispaniýanyň premýer-ministri Pedro Sançes ýerli häkimiýetler bilen gyssagly gepleşikleri geçirmek üçin La Palma adasyna uçdy.

Meşhur syýahatçylyk zolagy bolan Kanar adalaryna uçýan we ondan gaýdýan uçuşlar adaty ýagdaýda dowam edýär.

Kanar adalarynyň prezidenti Angel Wiktor Torres 19-njy sentýabryň ahyrynda 5000 adamyň ewakuasiýa edilendigini aýtdy.