Aşgabatda şäher polisiýasynyň müdirine berk käýinç berildi

Telegepleşige çagyrylan polisiýa ofiserleri. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji noýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirip, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri Wepaly Ataýewe berk käýinç yglan etdi.

Polisiýa emeldaryna berlen käýinjiň sebäbi onuň işde ýol beren kemçilikleri bilen düşündirilýär, ýöne gürrüňi edilýän kemçilikler barada hiç bir detal aýdylmaýar.

Şeýle-de, mundan öňki käýinç tejribelerinde bolşy ýaly, Aşgabat polisiýasynyň başlygyna goýberen kemçiliklerini gysga wagtyň içinde düzetmek tabşyrylypdyr we “soňky duýduryş” berlipdir.

Nobatdaky käýinç we soňky duýduryş harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine seredilen wagtyna gabat geldi.

Türkmenistanda resmilere berk käýinç, soňky duýduryş bermek, şol sanda olary ýygy-ýygydan çalşyrmak adaty bir zada öwrüldi. Şol bir wagtda, emeldarlaryň ol ýa-da beýleki wezipä haýsy başarnyklary esasynda bellenilýändigi, soň olaryň näme sebäpden wezipesinden boşadylýandygy doly mälim bolman galýar.

Şeýle-de, dürli döwürlerde türmä basylan öňki resmileriň soňky ykballary, bendilikde ýogalmagynyň anyk sebäpleri aýdylmaýar.