Ýewropa Parlamentiniň prezidenti Dawid Sassoli 65 ýaşda aradan çykdy

Dawid Sassoli

Ýewropa Parlamentiniň prezidenti Dawid Sassoli 65 ýaşda aradan çykdy diýip, onuň metbugat sekretary aýtdy.

Sassoli 11-nji ýanwar güni irden Italianyň Awiano sebitinde keselhanada aradan çykdy diýip, metbugat sekretar Roberto Kuillo aýtdy.

10-njy ýanwarda Ýewropa Bileleşiginiň parlamenti italiýaly merkez-çep syýasatçynyň 26-njy dekabrdan bäri Italiýada keselhanada bolandygyny tassyklady.

“Immun ulgamynyň kadasyz işlemegi sebäpli ýüze çykan çynlakaý saglyk ýagdaýlary zerarly keselhana ýerleşdirmek zerur boldy” diýip, parlament beýanat berdi.

Sassoli 2009-njy ýyldan bäri Ýewropa Parlamentiniň agzasydyr.

Ol 2019-njy ýylda Sosialistler we demokratlar toparynyň Progressiw ýaranlygynyň hödürnamasy bilen düýni Strasburgda ýerleşýän parlamentiň prezidenti wezipesine saýlandy.

Sassoliniň prezidentlik möhleti şu aý tamamlanmalydy. Şeýle-de, onuň ikinji möhlete prezidentlige dalaş etmegine garaşylmaýardy.