Türkmenistan garaşsyzlygyň yz ýany, Merkezi Aziýa sebitinde Sowet Soýuzynyň mirasyndan iň aýgytly el çeken ýurtlaryň biri boldy. Geçen otuz ýylyň dowamynda ýurduň şäherlerine, etraplaryna we obalaryna Sowet Soýuzy döwürlerinde dakylan atlaryň ençemesi yzly-yzyna üýtgedildi. Sowet döwrüni ýada salyp biljek islendik nyşan häkimiýetler tarapyndan tas ýok edildi. Garaşsyz türkmen döwleti, seresaplylyk bilen, Sowet mirasyna derek, öz ýoluny, uzak geçmişi dikeltmegi nazarlaýan döwlet syýasatyny saýlap aldy. Munuň şeýledigine, iň bolmanda, ýurduň syýasy we medeni giňişliginde ulanýan ritorikasy şaýatlyk edýär. Ýöne ýurtda Sowet mirasyndan uzaklaşmak synanyşyklarynyň Sowet mekdebiniň uçurymlary bolan syýasy liderler tarapyndan öňe sürülmegi bu synanyşyklaryň netijeliligi babatda synçylarda sorag döredýär.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Her niçik-de bolsa, garaşsyzlykdan soň, ýurduň medeni giňişliginde birden seljuk soltanlary janlandy. Togrul beg, Alp Arslan, Ärtogrul gazy ýaly taryhy şahsyýetleriň heýkelleri Aşgabadyň Garaşsyzlyk meýdanynda öz ornuny tapdy. Türki halklaryň taryhynda sarpasy iň belent tutulýan şahsyýetleriň biri, Oguz hanyň heýkeli türkmen paýtagtynda orun tapdy. Türkmenistanyň prezidentiniň edara binasy soňy bilen Oguz han köşkler toplumy atlandyryldy. Oguz hany, Gorkut atany we ady rowaýata öwrülen beýleki şahslary janlandyrýan suratlar türkmen manadynda şöhlelendi.
Bary-ýogy 30 ýyl mundan mekdepleriň synp otaglarynda sowet lideri Wladimir Ilýiç Leniniň portretleri asylýardy. Garaşsyzlykdan soň, Leniniň portretleri ilki Saparmyrat Nyýazowyň, soňra Gurbanguly Berdimuhamedowyň, häzir bolsa Serdar Berdimuhamedowyň portretleri bilen çalyşyldy.
150 ýyl töweregi mundan ozal türkmen giňişligine aralaşan rus agalygy öz ýany bilen täze aňyýeti, türkmen halkyna mahsus bolmadyk ýörelgeleri, galyberse-de täze endikleri getirdi. XX asyryň başlarynda rus patyşasyny tagtdan agdaryp, häkimiýeti ele geçiren bolşewik häkimiýetleri Patyşa Russiýasyna güýç bilen birikdirilen giňişlikde taýýar häkimiýeti miras aldy. Sowet Soýuzynyň iň günorta çägini emele getiren türkmen topragynyň ilaty bolşewik agalygyndan, Sowet aňyýetinden azat bolup bilmedi.
Garaşsyz türkmen döwleti Sowet mirasyndan tutanýerlilik bilen derhal el çekse-de, soňky 30 ýyl bäri türkmen metbugaty, türkmen intelligensiýa wekilleri resmi ritorikada Sowet döwrüni agzamakdan saklanyp gelýär.
Russiýanyň Ukraina çozmagy
Köpler tarapyndan Sowet Soýuzynyň kanuny mirasdary hasaplanýan Russiýa geçen aý Günbatar bilen, demokratik ýurtlar bilen ýakyn hyzmatdaşlyga ymtylýan post-sowet Ukrainanyň üstüne çozdy. Synçylara görä, Merkezi Aziýa ýurtlary bolup geçýän bu wakalary alada bilen synlaýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň maglumat giňişliginde, şol sanda Türkmenistanda rus media serişdeleriniň täsiri uly. Türkmenistanda türk telewizion kanallary bilen bir hatarda rus kanallaryna tomaşa edilýär, ilatyň aglaba bölegi, köplere görä, halkara arenada bolup geçýän wakalara rus mediasynyň gözi bilen seredýär. Bitarap Türkmenistanyň döwlet metbugaty Ukraina urşuny agzamaýar.
Rus mediasyna gulak gabartsaň, Ukrainada dowam edýän uruş “uruş däl”, “ýörite harby operasiýa”, hamala, Russiýa Ukrainany ‘nazistsizleşdirýär’.
Merkezi Aziýa dolansak, sebit hökümetleri uruş babatda öz pozisiýalaryny anyk görkezýän resmi beýanatlar bilen çykyş etmeseler-de, olar synçylara görä, Ukrainada bolup geçýän gandöküşikli urşy alada bilen synlaýar.
Merkezi Aziýa ýurtlary, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan we Türkmenistan Sowet mirasyna başga-başga çemeleşdi. Bu babatda olaryň her haýsy öz ýoluny saýlap aldy. Gyrgyzystan, meselem, ýurduň iri şäherlerindäki Lenin heýkelleriniň ählisini aýyrjak bolup alada galmady. Gazagystan, Özbegistan we Täjigistan hem Sowet mirasyna özboluşly çemeleşdi.
Edil şolar ýaly, Ukraina urşy babatda hem sebit halklary we hökümetleri özbaşdak çemeleşýär, sebit hökmünde umumy hereket edilmeýär.
Şol bir wagtda, Russiýanyň Ukraina garşy esassyz harby çozuşa girişmegi bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynda Sowet mirasynyň orny bilen bagly meseleler köpleri gyzyklandyrýar
Merkezi Aziýanyň öňki Sowet liderleri
22-nji martda “The Diplomat” neşiri Françisko Olmosyň awtorlygynda sebit ýurtlarynda ýerli Sowet liderleriniň orny barada bir makala çap etdi.
Makalanyň başynda geçen hepde Gazagystanda we Gyrgyzystanda ýerli sowet liderleriniň atlarynyň şäherçelere dakylmagy bilen bagly habara salgylanylýar.
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 16-njy martda ýurduň territorial-çäk bölünişigi bilen bagly yglan eden täze çäreleriniň hatarynda, ýurduň günorta-gündogarynda ýerleşýän Kapşagaý şäherçesine Gazgystan Sowet Sosialistik Respublikasyna 25 ýyldan gowrak wagt ýolbaşçylyk eden Dinmuhammet Kunaýewiň adyny dakmagy teklip etdi.
Edil şol güni, 16-njy martda Gyrgyzystanyň parlamentiniň bir komiteti günorta Batken sebitindäki Isfana şäherçesine 1950-nji ýyllarda Gyrgyzystan Sowet Sosialistik Respublikasyna ýolbaşçylyk eden Ishak Razakowyň adyny dakmak baradaky kanun taslamasyny tassyklady. Prezident Sadyr Japarow bu üýtgeşikligi geçen dekabrda teklip edipdi.
Merkezi Aziýa we halkara gatnaşyklar boýunça bilermen Françsiko Olmosyň awtorlygynda ýazylan makala 2022-nji ýylyň başarynda Özbegistanda bir ýokary okuw jaýyna 1959-1983-nji ýyllar aralygynda Özbegistan SSR-ne ýolbaşçylyk eden Şaraf Raşidowyň adynyň dakylmagyny ýatlaýar. Özbegistanda Raşidowyň sarpasy öňden bäri belent tutulýar. Şawkat Mirziýoýewiň häkimiýet başyna geçmeginiň yz ýany, 2017-nji ýylda Özbegistanyň Jizzah sebitinde Şaraf Raşidowyň heýkeli oturdyldy.
“The Diplomat” neşirinde çap edilen makala garaşsyz Türkmenistanda prezidentleriň şahsyýet kultynyň dabaralandyrylmagy bilen ýurtda ýerli Sowet liderlerine orun galmandygyny aýdýar.
Eýsem, Türkmenistanda garaşsyzlykdan soň ýerli Sowet liderleriniň sarpasy nähili tutuldy? Umuman, garaşsyz Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylary Sowet mirasyna nähili çemeleşdi?
Dünýä Türkmenleriniň bu sany garaşsyz we bitarap Türkmenistanyň Sowet mirasyna syn edýär.
Aşgabatdaky Lenin heýkeli
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň ortasynda sowet lideri Wladimir Ilýiç Leniniň ýadygärligi bar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda Sowet mirasyndan doly el çekmek ugrunda tagalla edilen-de bolsa, Leniniň Aşgabatdaky heýkeline el degrilmedi. Lenin parkynda ýerleşýän Lenin heýkeli Aşgabadyň merkezinde Sowet Soýuzyndan miras galan maddy ýadygärlik hökmünde heniz hem saklanýar.
Türkmen sowet ensiklopediýasyna görä, 1924-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Aşgabatda geçirilen bir ýas mitinginde Lenine ýadygärlik oturtmak barada karar kabul edilipdir. 26-njy ýanwarda türkmen sowet lideri Nedirbaý Aýtakowyň baştutanlygynda ýadygärligi gurmak üçin ýörite topar döredilipdir. Bu ýadygärlik 1927-nji ýylyň 7-nji noýabrynda açylypdyr.
Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň Aşgabatdaky Lenin heýkeliniň ýykylmajakdygy barada aýdan sözlerini ýatlady:
“Türkmenistanda Sowet döwri bilen baglanyşykly birnäçe ýadygärlik, Sowet atlary bar. Ynha, Aşgabadyň orta arasynda Leniniň ýadygärligi bar. Şol ýadygärlik häzire çenli-de aýrylanok, ýa-da şol ýadygärligi aýyrmak barada hiç hili gürrüň gozgalanok. [Saparmyrat] Nyýazow öz döwründe öz pikir garaýşyny telewideniýede teletomaşaçylara açyk aýdýardy, açyk gürrüň berýärdi. Şol gürrüňleriň birinde Nyýazow: ‘Ynha, bizde Leniniň heýkeli bar, Aşgabadyň orta arasynda. Ol gowy ýadygärlik. Biz oňa degjek däl. Biz ony ýykmarys! Şol durşuna-da saklarys!’ diýip aýtdy. Şol aýdan sözi, hamala, bir söz arasynda aýdan şekilli sözi häzirki döwürde-de öz güýjünde galýar. Leniniň ýadygärliginiň golaýyna barýan adam ýok” diýip, türkmen ýazyjysy aýtdy.
Maglumat üçin aýdylsa, Lenin Sowet Soýuzynyň düýbüni tutujy we ilkinji lideri bolup, köplere görä, ýakyn taryhyň iň zulumkeş režimleriniň birini esaslandyrdy.
Lenin 1924-nji ýylda aradan çykdy, ýöne onuň jesedi jaýlanmady we ýörite usul bilen heniz hem Kremldäki Lenin mawzoleýinde saklanýar.
Media maglumatlaryna görä, 1991-nji ýylda Russiýanyň şol wagtky prezidenti Boris Ýeltsin Leniniň jansyz jesedini jaýlamak meselesini gozgady, ýöne Ýeltsinden soň häkimiýete başynda geçen Wladimir Putin Leniniň jesediniň jaýlanmagyna garşy çykypdyr. Leniniň jansyz jesedi kommunizmiň iň naýbaşy nyşanlarynyň biri hökmünde tas 100 ýyla golaý wagt bäri rus paýtagtynda ýörite usul bilen jaýlanman saklanýar.
Türkmenistanda we onuň paýtagty Aşgabatda bolşewik liderlerinden ozal Patyşa Russiýasy üçin möhüm hasaplanan adamlaryň atlary köçelere we skwerlere dakylýardy.
Köne, täze we has täze döwür
Türkmenistana bolşewik häkimiýeti kök salmazdan ozal, Aşgabatda Gökdepe söweşiniň “ýakasy gaýyşly” generaly Skobelewiň adyny göterýän meýdança bardy. Aşgabatda bolşewik häkimiýetiniň esaslandyrylmagy bilen Aşgabatdaky Skobelew meýdançasyna Karl Marksyň ady dakyldy. Karl Marks meýdançasy garaşsyzlykdan soň Garaşsyzlyk meýdançasy boldy. Sowet döwründe Aşgabatdaky Karl Marks meýdançasynyň golaýynda Karl Marksyň adyny göterýän kitaphana bardy.
Aşgabatda Sowet Soýuzy döwründe Karl Marks köçesi atlandyrylan köçe häzirki wagtda Köşk köçesi atlandyrylýar. Türkmenistanyň prezidentiniň iş edarasy, Oguz han köşkler toplumy öňki Karl Marks, häzirki Köşk köçesiniň ugrunda ýerleşýär.
Türkmenleriň ýakyndan tanaýan rus generaly bolan Mihaýil Skobelewiň ýarany Nikolaý Grodekowyň ady hem XIX asyryň aýagynda Aşgabadyň şol wagtky iri köçeleriniň birine dakyldy. Grodekow köçesi Sowetler döwründe Ostrowskiý köçesi boldy. Ukrain asylly görnükli kommunist ýazyjysy Nikolaý Ostrowskiýniň adyny göteren köçe häzirki wagtda Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhammet Annaýewiň agasy Aba Annaýewiň adyny göterýär.
Aşgabadyň iň iri köçeleriniň biri bolan Magtymguly köçesi Sowetler döwründe Swoboda köçesi atlandyrylýardy. Bu köçe Staliniň ölüminden soň, 1961-nji ýyla çenli Stalin köçesi hem atlandyryldy. Patyşa Russiýasy döwründe häzirki Magtymguly, öňki Stalin we Swoboda (Azatlyk) köçeleri atlandyrylan köçe Kuropatkin köçesi atlandyrylýardy. Rus generaly Alekseý Kuropatkin general Skobelew bilen bilelikde Gökdepe söweşine gatnaşdy. Ol Gökdepe söweşinde rus goşunlarynyň gazanan ýeňşi sebäpli III derejeli keramatly Georgiýa medaly bilen sylaglandy. Patyşa Russiýasy döwründe Aşgabadyň häzirki Magtymguly köçesine ady dakylan general Kuropatkin 1890-1898-nji ýyllar aralygynda Zakaspiý oblastynyň häkimi, 1898-1904-nji ýyllar aralygynda Rus imperiýasynyň uruş ministri boldy.
Türkmen Sowet liderleri
Sowetler döwründe Türkmenistanda ýerli syýasy liderler hem ýetişdi. Olaryň hatarynda, meselem, Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow, Şaja Batyrow, Suhan Babaýew, Jumadurdy Garaýew, Balyş Öwezow, Muhammetnazar Gapurow dagyny agzamak mümkin. Gaýgysyz Atabaýew 1937-nji ýylda Staliniň tutha-tutlygy döwründe öldürilýär. Moskwadaky Halkara Memorial guramasy Gaýgysyz Atabaýewi 2000-nji ýylda Stalin repressiýasynyň pidalarynyň sanawyna goşdy.
Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally türkmen sowet liderleri barada şeýle gürrüň berdi:
“Garaşsyzlyk alnan badyna prezident Nyýazow öňki liderleriň abraýyny, aýratyn-da Gaýgysyz Atabaýewiň abraýyny gabanyp başlady. Gaýgysyz Atabaýewiň eden işleri barada alymlara görkezme berdi. Ol telewideniýede görkezildi. Hamala, Staliniň tutha-tutlugynda Gaýgysyz Atabaýewiň goly bilen basylan, şonuň goly bilen ýok edilen adamlar bolupdyrlar. Şonuň üçin, ol Gaýgysyz Atabaýewi aýyrtdy, onuň ýadygärligi hem sökülip aýryldy, köçeden ady hem aýryldy... Käbir atlar diklendi, käbir atlar diklenmedi. Meselem, Şaja Batyrow. Şaja Batyrow belli bir döwürde Türkmenistanyň Kommunistik partiýasynyň birinji sekretary boldy. Şaja Batyrow wezipesinden aýryldy, ýöne ony garalamadylar. Şaja Batyrowyň adyna oba bardy, Bäherdende. Şeýle-de, Şaja Batyrow adyndaky köçe bardy... Meselem, Balyş Öwezowyň adyny ebedileşdirmek barada Nyýazow görkezme beripdir. Meniň şaýat bolan zadym: Balyş Öwezowyň adyny Tagta etrabynda bir kolhoza dakmak barada teklip bolupdyr. Şonuň adyny Çoşşy Arazgylyjowyň daýhan birleşigine dakmaly etdiler. Şol daýhan birleşik öň Telmanyň adyny göterýärdi. Ýöne beýleki bir bellemeli ýagdaý bar. Türkmenistanda sowetler döwründe Türkmen sowet ensiklopediýasy diýip, 10 tomluk ensiklopediýa çykaryldy. Şol ensiklopediýa birnäçe döwlet ýolbaşçylarynyň atlary girizilmedi. Meselem, Balyş Öwezowyň, Suhan Babaýewiň we beýlekileriň. 10-njy tomuň ahyryna goşmaça hökmünde bölek goşdular. Şol ýerde-de şol adamlar barada gysgaça maglumatlar berdiler. Öň hatda şol adamlar barada maglumat hem ýokdy. Ýöne bellemeli bir zat bar: hakykatyň hatyrasyna aýtmaly bolsa, şol liderleriň köpüsi ýurt üçin köp iş eden adamlar” diýip, türkmen ýazyjysy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Sözsoňy ýerine
Garaz, sowet döwründe ýetişen türkmen syýasy liderleriniň käbirleriniň atlaryny türkmen ensiklopediýasyna girizmek hem köp görüldi. Has gadymy türkmen taryhynda yz galdyran Oguz han, Gorkut ata ýaly ady rowaýata dönen şahslara-da oýlanyp tapylan şahslar hökmünde garaýan adamlar bar. Türkmen topragynda XIX asyrda kolonial güýçlere garşy göreşip, wepat bolan hanlaryň ýa-da serdarlaryň adyny göterýän gonamçylyk bolaýmasa, ilatly nokat ýok ýaly. Türkmen sowet liderleriniň atlary bolsa köçeden aňry geçmeýän bolsa gerek.
Käbir daşary ýurt synçylaryna görä, Türkmenistanda irki taryhy, oguzlar döwrüni, galyberse-de seljuklar döwrüni we “buýsançly geçmişi” halk hakydasynda oýarmak tagallalary otuz ýyl bäri dowam edýän mahaly, ýazyjy Hudaýberdi Hally sowet mekdebiniň uçurymlary bolan syýasy liderleriň şeýle synanyşykda üstünlik gazanjagyna şübheli garaýar:
“Sowet döwründäki ähli ýolbaşçylar sowet mekdebinden çykan adamlar. Olar kommunistlerdi. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti gönüden-göni öňki Türkmenistanyň Kommunistik partiýasynyň birinji sekretary. Ondan soň, ikinji prezident hem şol toplumdan ösüp ýetişen adam. Hatda Türkmenistanyň täze, üçünji prezidenti, häzirki ýaş prezident, ol hem sowet döwrüniň adamy, sowet mekdebinde okady, sowet mekdebinde bilim aldy, sowet mekdebinde taýýarlanan mugallymlaryň, kadrlaryň terbiýesini aldy. Biziň ýolbaşçylarymyzyň ählisinde kommunistik akymyň täsiri bar. Bu ýerde real hakykat: gönüden-göni sosializmden gelip çykan, kommunizmden gelip çykan ideýa, hem şol ideýa bilen baglanyşykly syýasat häzir hem dowam edýär.