Nawalny Putine garşy "maglumat frontuny" açmaga çagyrýar

Bezeg suraty

Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdene, britan premýer-ministri Boris Jonsona, ÝB resmilerine we IT kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna, "sosial ulgamlaryň mahabat mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Putiniň propagandasyny ysgyndan salmak" üçin "maglumat frontuny" açmak çagyryşy bilen ýüzlendi.

Nawalnynyň sözlerine görä, "Ukrainalylary öldürmek üçin Putine Russiýanyň içinde halkyň bu urşa goldaw bermegini gazanmak örän zerur bolup durýar”.

Emma, syýasatçynyň pikiriçe, "Russiýada Ukraina garşy alnyp barylýan urşuň 75% goldaw alýandygy” barada aýdylýanlar hiç bir jähtden heňe gelmeýär.

"Ukrainadaky urşy goldaýarsyňyzmy?" diýen soragy beren sosiologa we oňa "Ýok" diýip beren adama, ýagny olaryň ikisine hem 15 ýyl azatlykdan mahrum edilmek howpy abanýan bolsa, bu ýerde haýsy sosiologiýa barada gürrüň bolup biler?” diýip, Nawalny ýazdy.

"Şeýle mahabat hatda doly täjirçilik bahasyna satyn alynsa-da, onuň bahasy urşuň bahasy bilen deňeşdirilende gülkünç bolýar" diýip, Nawalny belledi. “Jaweliniň” bir oky 230 müň dollara durýar. Bu serişdä biz dürli formatlardaky mahabatlaryň 200 million görnüşini alarys we Ukrainadaky hakykatlaryň görüljek salgylaryna azyndan 300,000 geçişi üpjün ederi ýa-da azyndan 8 million wideony görmek mümkinçiligini bereris” diýip, rus oppozisioneri aýdýar.