Türk goşunlary Yragyň demirgazygyndaky kürt söweşijilerine garşy täze gury ýer we howa hüjümlerine başlady diýip, Türkiýäniň goranmak ministri 18-nji aprel güni, irden aýtdy.
Türkiýäniň harby uçarlary we artilleriýasy, dikuçarlar we pilotsyz uçarlar bilen goldanýan gury ýer goşunlary goňşy sebite geçmezinden öň, Kürdüstan Işçiler partiýasyna ýa-da PKK-a degişli bolan nyşanalara zarba urdy diýip, goranmak ministri Hulusi Akaryň ministrligiň websaýtynda ýerleşdirilen wideoýazgysynda aýdylýar.
Akar uçarlaryň PKK-a degişli pena ýerlerine, bukulara, gowaklara, ötüklere, ok-ýarag ammarlaryna we edara jaýlaryna “üstünlikli” zarba urlandygyny öňe sürdi.
Yragyň demirgazygyndaky bazalara eýelik edýän we bu ýerleri Türkiýä hüjüm etmek üçin ulanýan kürt söweşijiler topary bu habara bada-bat reaksiýa bildirmedi.
PKK 1984-nji ýylda Türkiýäniň günorta-gündogar sebitinde, kürtleriň köplük bolup ýaşaýan ýerinde gozgalaňa başlaly bäri on müňlerçe adam öldürildi. PKK ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terror guramasy diýlip häsiýetlendirildi.