Ukrainanyň hökümeti ýurduň Ýewropa Bileleşigine goşulmagy baradaky soragnamany doly doldurdy diýip, Ukrainanyň prezident edarasynyň başlygynyň orunbasary Igor Žowkwa bir gün öň habar berdi.
8-nji aprelde, Russiýanyň giň gerimli çozuşy başlaly bäri ilkinji gezek Ukraina sapar eden ÝB liderleri prezident Wolodymyr Zelenskä bu ýurduň Ýewropa Bileleşigine agza bolmak baradaky arzasyna garamak üçin zerur bolan soraglar sanawyny gowşurdylar. Zelenski Kiýewiň bu soraglara bir hepdeden jogap berip biljekdigini aýtdy.
Žowkwa ukrain tarapynyň resminamany resmleşdirendigini, indi Kiýewiň rekomendasiýa-maslahatlara garaşýandygyny, soň “pökginiň ÝB tarapynda boljakdygyny” aýtdy.
Ol Ýewropa Komissiýasynyň Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine agza bolmak üçin zerur ölçegleri berjaý etmegi baradaky rekomendasiýalaryny bermelidigini hem sözüne goşdy.
Onuň tassyklamagyna görä, Kiýew Ýewropa Geňeşiniň iýun aýynda geçiriljek mejlisinde Ukraina ÝB agzalygyna dalaşgär ýurt durumynyň berilmegine garaşýar.