Wekiller palatasynyň başlygy Nensi Pelosi Kiýewde ABŞ-nyň Ukraina kömek taýynlygyny bildirdi

Suratyň merkezinde: Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý we ABŞ-nyň Kongresiniň aşaky palatasynyň başlygy Nensi Pelosi 2022-nji ýylyň 1-nji maýynda Kiýewde geçirilen ýygnakda

ABŞ Kongresiniň Wekiller öýüniň başlygy Nensi Pelosi Kiýewde saparda boldy. Sapar öňünden yglan edilmedi. Pelosi bilen duşuşygyň wideosy ýekşenbe güni irden Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý tarapyndan çap edildi.

"Russiýa agressiýasyna garşy göreşde ABŞ Ukrainany güýçli goldaýan liderdir. Döwletimiziň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini goramaga kömek edeniňiz üçin sag boluň!" diýip, Zelenskiý ýazdy.

Soňra Pelosi kongres delegasiýasynyň Kiýewe saparyny tassyklaýan habary ýazdy. Indi ol Polşa gidýär. Toparyň arasynda görnükli demokratik syýasatçylar bar.

Nensi Pelosiniň Zelenskiý bilen duşuşygynda aýdyşy ýaly, şu gün Ukraina azatlyk ugrunda gahrymançylykly göreşýär we ABŞ bu göreş gutarýança Ukraina kömek bermäge taýýardyr. Ukrainanyň prezidenti Pelosini knýaginýa Olganyň ordeni bilen sylaglady.

Söweş sebäpli Ukrainanyň üstündäki asman henizem ýapyk saklanýar we Kiýewe barýan daşary ýurt liderleri otly bilen ol ýere aşýarlar. Ondan öň, Russiýanyň çozuşy başlanaly bäri, ABŞ-nyň Döwlet sekretary we Goranmak ministri, Britan premýer-ministri we birnäçe Ýewropa döwletiniň ýolbaşçylary Kiýewe baryp gaýtdylar.

Şu hepde ABŞ-nyň Wekiller palatasy Ukraina karz bermek baradaky kanun taslamasyny tassyklady. Bu, adaty býurokratik proseduralardan geçmezden we öňünden töleg tölemezden, Ukrainany ýarag we harby enjamlar bilen üpjün etmek üçin mümkinçilik açýar. Mundan başga-da, administrasiýa Kongresden Ukraina üçin goşmaça 33 milliard dollar, şol sanda harby zerurlyklara 20 milliard dollar kömek sorady.