'Putin şeýtan!' Okuwçy gyz Ukrainadaky urşa protest bildirdi

Dagystanlylar

Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz sebitinde bir ýaş gyz, orta mekdebi gutarmak dabarasynda Russiýanyň Ukraina sebäpsiz çozmagyna garşylygyny bildirdi.

22-nji maýda sosial ulgamda giňden paýlaşylan wideoda ol gyzyň "Uruş ýok bolsun! Ukraina azatlyk! [Russiýanyň prezidenti Wladimir] Putin şeýtan!" diýip gygyrýany görünýär.

Şeýle-de wideoda ol gyzyň eden hereketiniň okuwçylar, ene-atalar we mugallymlar tarapyndan alkyş bilen garşylanyşy görünýär.

Hökümete tarapdar Dagystan telegram kanallary wideoýazgynyň Izberbaş şäheriniň 11-nji mekdebiniň gutardyş dabarasyndan alnandygyny aýdýar.

Habarda aýdylmagyna görä, okuwçy gyz köpçüligiň içinde Russiýa Federasiýasynyň ýaragly güýçlerini abraýdan gaçyrýan hereket etmekde aýyplanyp, administratiw jenaýat jogapkärçiligine çekilipdir.

Şeýle-de, telegram kanallaryna görä, gyzyň ejesine "çagasyny dogry terbiýelemezlikde" aýyplama bildirilipdir.

Gyzyň şahsyýeti resmi taýdan aýan edilmedi, ýöne dürli habar serişdeleri onuň adynyň Zuhra Albekowa bolandygyny aýtdylar. Onu[ ejesi bilen bilelikde jerime tölemeli bolmagy mümkin.